Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Monorels myhmanlaryñ hyzmatynda
Ýazylan wagty: 06 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Agyr atletika boýunça 84-nji dünýä çempionaty gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Olimpiýa şäherçesinde dowam dünýä çempionatyň myhmanlary ähli babatda oňaýly şertler bilen üpjün edildi. Myhmanlara  monorelsiň hyzmat edýändigini, onuň hyzmatyndan hemmeleriň hoşaldygyny  aýtmak gerek. Monorels türgenleriň ýaşaýan ýerinden Olimpiýa şäherjigine gelmekde we şäherçäniň çäginde hyzmat edýär.Monorelsde gezelenç eden myhmanlar bilen söhbetdeş bolanyňda, onuň Türkmenistanda geçirilýän dünýä çempionatyň esasy aýratynlyklarynyň biridigini belleýärler. Olimpiýa şäherjigindäki  monorels myhmanlaryň ýadygärlik üçin surata düşýän ýerleriniň biridir.                                                 
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
06 ноября 2018

Olimpiýadanyň şygary üç sany latyn sözünden ybaratdyr: Citius, Altius, Fortius. Bu sözler “Basymrak, beýigräk, güçliräk” diýmekligi aňladýarlar. Bu sözler ilkinji gezek kolleždaky sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasynda fransuz ruhanysy Anri Martin Didon tarapyndan aýdylýar. Bu adam ilkinjileriň hatarynda sportuň adamlaryň, esasanam, ýaşlaryň ruhunda uly hyjuw döredýändigine düşünen adamdyr. Onuň bu aýdan sözleri Pýer de Kubertene ýarapdyr, şol sözler bütün dünýädäki türgenleriň maksadyny görkezýär diýip hasaplapdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05562 sek. ýüklenen baýt: 30140