Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Karateçileriñ gazanan medallary
Ýazylan wagty: 06 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi.Kýokuşinkaý — karate görnüşinde kumite (sparring) boýunça ýaryşlarda weteranlar toparynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň işgäri Seýran Potarow (85 kilogramdan ýokary agram derejede) we ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgäri Farhat Jumaýew (85 kilograma çenli agram derejede) birinji orunlary eýelediler.Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Eziz Öwlýagulyýew we Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maksat Annagylyjow 85 kilogramdan ýokary agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular.65 kilogram agram derejesinde Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Daýanç Gylyçdurdyýew üçünji orny eýeläp, bürünç medal bilen sylaglandy.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
07 ноября 2018

Sport ýaryşlary – bu adamlaryň özüniň fiziki taýarlygynyň dürli derejedäki ýaryşlary. Bu ýaryşlar pedagogiki, sport usullaryny, umumy meseleleri çözmek üçin hem geçirilýärler. Şeýle-de, ýaryş döwründe bedenterbiýe we sportuň adama üçin beren fiziki, tehniki, taktiki, psihiki, teoretik taýarlygyny hem görmek bolýar. Ýaryşda türgeniň ýeten sepgidini ölçäp bolýar. Esasanam, sport ýaryşy adamyň erk häsiýetiniň ýüze çykarmagy üçin ähmiýetlidir. Sport ýaryşlary gelen janköýerler üçin ýagty emosiýalary sowgat edýärler. Şol wagtda-da türgenleriň ýokary derejelerini ýüze çykarmaga ýardam berýärler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05502 sek. ýüklenen baýt: 30719