Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Dünÿä birinjiligi gyzgalañly dowam edÿär
Ýazylan wagty: 07 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Dünýä çempionatynyň 6-njy güni ýaryşlar gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Birek-biregiň rekordlaryny täzelemek bilen ýatda galan 89 kg çykyş eden agyr atletikaçylaryň görkezen netijesi belli boldy.Birbada götermekde çilili türgen Mendez Perez Arley 169 kg göterip, altyn medalyň eýesi boldy. Kümüş medaly 169 kg göteren belarusly türgen Pavel Khadasevich aldy. Kolumbiýaly türgen Moreno Torres Jhor Esneider 168 kg göterip bürünç medala mynasyp boldy. Itekläp götermekde russiýaly türgen Artem Okulov 206 kg göterip, altyn medalyň eýesi boldy. Kümüş medaly 205 kg galdyran ermenistanly Hakob Mkrtchyan aldy. Bürünç medala wenesuelaly türgen Sanchez Vallenilla Giovanni Keydomar mynasyp boldy (204 kg ). Ol şol sanda ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny hem täzeledi.  Umumy hasapda altyn medaly 372 kg göteren Artem Okulov aldy. 371 kg göteren belarusly türgen Pavel Khadasevich kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medala 371 kg galdyran gruziýaly Revaz Davitadze  eýe çykdy. Ol şol sanda ýaşlaryň arasynda umumy hasapda dünýä rekordyny hem täzeledi.
Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07869 sek. ýüklenen baýt: 29294