Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Zenanlaryñ bäsleşiginde
Ýazylan wagty: 07 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň 6-njy gününde zenanlaryň arasynda 71 kilogram agram derejesinde geçirilen ýaryşyň netijeleri belli boldy. 71 kilogram agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda agyr atletikanyň birbada götermek görnüşi boýunça  hytaýly  Zhang Wangli 115 kg agramlygy göterip, altyn medala mynasyp boldy. Şol görnüşde 112  kg göterip, gazagystanly  Nadezda Likhacheva       kümüş medal gazanmagy başardy. 111 kg göteren müsürli  Ahmed Sara Samir Elsayed Mohamed  bürünç medal gazandy.71 kilogram agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda agyr atletikanyň itekläp götermek görnüşi boýunça hytaýly agyr atletikaçy Zhang Wangli 152 kg göterip, altyn medala mynasyp boldy. Kümüş medala 141 kg götermegi başaran müsürli  Ahmed Sara Samir Elsayed Mohamed, bürünç medala hem 133 kg agramlygy götermegi başaran  amerikaly  agyr atletikaçy Rogers Martha Ann mynasyp boldy.71 kilogram agram derejesinde zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda umumy hasap boýunça  267 kg bilen Zhang Wangli altyn medalyň,  252  kg bilen Ahmed Sara Samir Elsayed Mohamed  kümüş medalyň, 242 kg bilen agyr atletikaçy  Nadezda Likhacheva hem  bürünç medalyň eýesi boldy.  Şeýlelikde, 22 ýaşly Zhang Wangli dünýä çempionatynda ilkinji gezek çempion boldy. «B» toparda çykyş eden türkmen agyr atletikaçysy Gülnabat Kadyrowa birbada götermekde 2-nji orna düşdi. Umumy hasapda bolsa ilkinji 10-luga girdi.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06886 sek. ýüklenen baýt: 29657