Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Maglumatlary auditoriýa ýetirmekde täze şertler
Ýazylan wagty: 07 ноября 2018 Ýazan Mayichka
1960-njy ýyllarda maglumatlar jemgyýeti baradaky garaýyşlaryň döremegine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň netijesinde jemgyýetiň özgermegi sebäp bolýar. Amerikan alymy D. Bell postindustrial jemgyýetde harytlaryň önümçiligine däl-de, bilim, saglygy goraýyş, dolandyryş we gözlegler bilen baglanyşykly hyzmatlaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýär. Şoňa görä-de, bu jemgyýetiň agzalarynyň meşgullanýan işleriniň gurluşy üýtgeýär: intelligensiýanyň wekilleriniň, hünär ussatlarynyň we tehnikalardan baş çykarýanlaryň sany artýar. Esasy üns nazary bilimlere we maglumatlar bilen üpjünçilige gönügýär. Ýaponiýanyň Maglumatlar jemgyýeti institutynyň alymy Ý.Masudanyň pikirine görä, täze jemgyýetiň aýratynlygy kompýuter tehnikalarynyň ulanylmagyndadyr. Bu jemgyýetde esasy ykdysady ugur intellektual-akyl önümçiligidir. Bu önümler täze tele-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üsti bilen ýaýradylýar. Jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolsa industrial jemgyýetdäki ýaly harytlaryň sarp edilmegi däl-de, wagtdyr. Diýmek, maglumatlar jemgyýetiniň döremegi habar beriş serişdeleriniň täze görnüşiniň döremeginiň esasy şertleriniň biridir. Bu jemgyýetde maglumat üpjünçiligi bilen baglanyşykly birnäçe täze hünärler ýüze çykýar hem-de kompýuter, internet tehnologiýalarynyň ösmeginiň netijesinde maglumatlary auditoriýa ýetirmekde täze şertler, mümkinçilikler döreýär. Jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda özgerişleriň, älem-jahandaky ösüşleriň güýçli depginde amala aşýandygy sebäpli, täzelikleri we habarlary taýýarlamakda, ýaýratmakda internet žurnalistikasyna möhüm orun degişlidir. Ol maglumatlar jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap görnüşdir. “Internet žurnalistikasy” adalgasy bilen bir hatarda “web-žurnalistika”, “kiber-žurnalistika”, “onlaýn žurnalistika” ýaly adalgalar hem ulanylýar. Ösen döwletleriň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy baradaky syýasaty maglumatlar jemgyýetiniň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Bu syýasat jemgyýetiň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagyna, ýurduň ykdysady we beýleki ugurlarda kuwwatynyň artmagyna hem aýgytly täsir edýär.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
07 ноября 2018

Birnäçe döwletlerde bütindünýä maglumatlar jemgyýetine goşulyşmak maksady bilen tapgyrlaýyn iş meýilnamalary hem düzüldi. Olaryň amala aşmagynyň esasy şertleriniň biri bolsa jemgyýetiň kompýuter sowatlylygyny gazanmakdyr. Täze maglumat tehnologiýalarynyň täsiri bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ulgamynda hem birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu aýratynlyklaryň käbirleriniň üstünde durup geçeliň.

Mayichka
07 ноября 2018

Konwergensiýa (“convergere” diýen latyn sözünden – golaýlaşmak, meňzeş bolmak). Şol bir maglumaty dürli görnüşli maglumat göterijileriň, simli, simsiz aragatnaşyk tehnologiýalarynyň islendiginiň kömegi bilen almak mümkinçiligi döreýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09317 sek. ýüklenen baýt: 32379