Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tebigatyň sagaldyş güýçleri we gigiýeniki närseleri (faktorlary)
Ýazylan wagty: 08 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Bedenterbiýe we sport ýörelgesinde adamlary daýaw, sagdyn, beden taýdan ösdürmeklige tebigatyň sagaldyş güýji we gigiýenanyň şertleri uly täsir edýär. Tebigatyň sagaldyş güýji Günüň şöhlesi, howa we suw bilen baglanyşyklydyr. Beden terbiýesinde we sportda sagaldyş güýjüniň peýdalanylyşy iki ugurdan emele gelýär; sapaklary açyk howada geçirmek. Açyk howada geçirilýän beden maşklary adamynyň bedenine örän peýdaly täsir edýär. tälimçi sapaklarda ýörite gigiýena şertlerini döretmeli. Meselem, sport meýdançasy, sport zaly we ş.m. arassa saklanmaly, türgenlere gigiýena şertlerini öwredip, olary özleşdirmeli. Sapaklaryň açyk, arassa howada geçirilmegi adama hemme taraplaýyn peýdalydyr. Birinjiden, sagaldyş güýji adamlary taplaýar we ikinjiden, adamyň bedenini howanyň sowugyna, yssysyna durnukly edýär. Diýmek, beden terbiýesini we sporty tebigatyň sagaldyş güýji we gigiýenanyň şertleri bilen bilelikde hökmany suratda ulanmaly. Ýokary derejeli sport türgenleşiklerinde türgenlere degişli olaryň ussatlygyny ösdürmek üçin ýörite lukmançylyk serişdeleri peýdalanylýar. Ondan başga-da ýene-de birnäçe ýöriteleşdirilen trenažýor enjamlaryny ulanýarlar.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 ноября 2018

Ýöriteleşdirilen, özüne mahsus aýratynlykly usullar - beden maşklary bilen berk arabaglanyşyklydyr. Meselem, hereketler öwredilende ol hereketleri tejribe taýdan ýerine ýetirip görkezmek. Didaktiki usullar - bu usullar hereketler öwredilýan pursatlarynda sözleri ulanmaklyk, ýagny olara öwrenilýän maşklaryň berýän peýdasyny, manysyny, mazmunyny, olaryň ýerine ýetiriliş usullaryny düşündirmeklik bilen amala aşyrylýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08125 sek. ýüklenen baýt: 30518