Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedenterbiýede we sportda ulanylýan söz we görkezme usullary
Ýazylan wagty: 08 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Bedenterbiýe we sport ýörelgesinde hereketi didaktiki ugurdan öwretmek üçin ýöriteleşdirilen, özüne mahsus aýratynlykly, ýagny görkezme we söz usulyýetlerini ulanýarlar. Hereketiň görkezme usulyýetiniň maksady türgenlere etmeli maşklaryny görkezip, olarda bu maşk barada düşünjäni döretmekdir. Hereket barada türgeniň düşünjesi iki ugurdan durýar. Birinji ugry ýokarda aýdylan ýaly, ikinjisi bolsa türgen bu hereketiň duýgusyny özbaşdak almak üçin, ony birnäçe gezek ýerine ýetirmeli. Ondan başga-da sport türgenleşiklerinde hereketi öwretmeklik üçin sport görnüşine degişli ýörite edebiýatlar, görkezme esbaplar, fotosuratlar, slaýdlar, wideo kassetalar we ş.m. peýdalanýarlar. Sport türgenleşiginde hereketi öwretmek üçin tälimçi ony dil kömeginiň üsti bilen düşündirmeli.
Bedenterbiýäniň we sportuň nazaryýetinde söz usulyýetini dürli görnüşler boýunça peýdalanýarlar: - söhbetdeşlik usuly; - hekaýa usuly (hereket barada gysgaça gürrüň etmek); - sapagyň dowamynda goýberilen hereketiň ýalňyşlyklaryny türgenlere düşündirmek we olary düzetmek; - edilýän herekete baha, görkezme we tabşyryk bermek. Bedenterbiýe we sport ýörelgesinde peýdalanylýan usulyýetler biri-biri bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmaly. Şonuň üçin olar aýratynlykda ulanmaly däl, çünki hereketi öwretmek üçin tälimçi türgenlere ony düşündirmeli, görkezmeli we hereketi öwredýän pursatlary türgenlere gerekli bolan beden sypatlaryny olarda ösdürmeli.
Okalan sany: 81   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
08 ноября 2018

Bedenterbiýäniň we sportuň hereketi öwredýän we beden sypatlaryny ösdürýän ýörelgesi iki tarapdan emele gelýär: - maksatnama boýunça sport görnüşleriniň hereketini öwretmek we - sport sapaklarynda çagalary beden, ahlak, estetiki taýdan terbiýelemek hem-de olaryň aňyny ösdürmek. Bedenterbiýe we sport sapaklarynda hereketi sowatly öwretmek üçin tälimçi hökmany suratda didaktiki esaslary ulanmaly. Didaktiki esaslary bedenterbiýe-sport sapaklarynda kanunalaýyk peýdalanmaly. Bu esaslar özbaşdak ugry, manyny we usuly özünde saklaýar. Bedenterbiýe we sport sapaklarynda didaktiki jähtleriň birnäçesi ulanylýar:

Mayichka
08 ноября 2018

Ÿaryş näme? Bu görkezmekligiň, deňeşdirmegiň usuly, sportda üstünlikleriň we bäsleşigi dolandyrmagyň bahalary, gatnaşmagyň sebäbi, şahsyýetiň kemala gelmeginiň serişdesi, adamyň mümkinçilikerini bilmeklik, nusga ölçeglerini döretmek, türgenleri saýlap almagyň we taýýarlamagyň usuly. Ýaryşlar ýokary derejeli sosial abraýlylyk, däp-dessurlyk, adatdan daşarylyk, howsala häsiýeti, türgeniň bedeniniň ätiýaçlyk mümkinçilikleriniň aňryçäk ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Ýaryş - ýolbaşçylar, tälimçiler we göreşijiler üçin bu sporty wagyz etmek hem-de türgenleşme we türgenleşmeden daşary geçirilen zähmetiň hiline baha bermek maksady bolan giň göwrümli çäredir. Hakykatda bu olaryň işinde barlag serhedidir. Tomaşaçylar üçin bu isleg bildirýän netijä garaşmaklyk bilen baýramçylyk tomaşasydyr. Ýaryşlara şeýle düşünmeklik iki soragy şöhlelendirmek zerurlygyny öňe sürýär: ýaryşlarda türgenleriň gatnaşmagynyň täsirliligini ýokarlandyrmak; ýaryşlary baýramçylyga, hyzmatlaryň doly jemlenen toplumyny görkezmek bilen tomaşaçylar üçin tomaşa öwürmek.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12660 sek. ýüklenen baýt: 33112