Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Dünÿäde birinjilik almak ugrunda ÿaryşlar dowam edÿär
Ýazylan wagty: 08 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar dowam edýär. Erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramlyk derejedäki bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi öňe saýlandy. Ol Rio-de Žaneýroda çempion, 2017-nji ýylda dünýäniň çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ýeňiji boldy.Ol eýýäm ilkinji synanyşykda 181 kilogram agramdaky ştangany birden götermekde öňdebaryjy boldy. Eýran türgeniniň soňraky synanyşygy dünýä rekordyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. S.Moradi meýdança üçünji gezekki çykyşynda 186 kilogram agramy götermek bilen arzyly rekordyny täzeledi. Hytaýly türgen Tao Tian 181 kilogramlyk agramlygy galdyryp, kümüş medala mynasyp boldy. Belarus türgeni Ýewgeniý Tihonsow bolsa 180 kilogramlyk ştangany göterip, ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi hem-de üçünji orny eýeledi.Itekläp götermekde Tao Tian hem ikinji synanyşykda 226 kilogramy galdyryp, täze dünýä rekordyny goýdy. Emma olimpiýa çempiony S.Moradi ikinji synanyşykda bu görkezijini 230 kilograma çenli artdyrdy. Hytaýly türgen üçünji synanyşykda 236 kilogramy galdyrmakçy boldy, emma güýji asgyn geldi. Eýran toparynyň hem wekiliniň üçünji synanyşygy şowsuz tamamlandy, eýsem-de bolsa ol çempionatda dünýä rekordlarynyň üçüsini täzeläp, altyn medallaryň üçüsine mynasyp boldy. Çykyşlaryň jemi boýunça häzirki pursatdaky rekord 416 kilograma barabardyr. Tao Tian kümüş sylaglaryň üçüsi bilen kanagatlanmaly boldy.Itekläp götermekde üçünji orny Katar döwletinden Fares Ibrahim Elbakha eýeledi. Ol 217 kilogram agramlygy götermegiň hötdesinden gelip, ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Jemde Ýewgeniý Tihonsowyň ýaşlaryň arasynda goýan rekordy 390 kilograma barabar boldy, ýöne bürünç medaly bäsdeşinden bir kilogramy artyk göterip bilen rumyniýaly Nikolaýe Onika aldy.Zenanlaryň arasynda 76 kilograma çenli agramlyk derejedäki ýaryşlarda birden götermekde 2016-njy ýylda dünýäniň çempiony bolan Jong Sim Rim (KHDR) bilen 2015-nji ýylyň Aziýa çempiony Žoui Wangyň (Hytaý) arasynda esasy güýç synanyşyldy. Koreý türgeni üstünlikli synanyşyklaryň ikisinden soňra 119 kilogramy, ýagny 1 kilogramy artyk galdyryp, bäsdeşinden öňe geçdi. Üçünji synanyşyk başa barmadyk bolsa-da, Jong Sim Rim öňdebaryjylygynda galdy. Ekwadordan gelen Patrisiýa Barrera bolsa ýaşlaryň arasynda 117 kilogram agramlyk derejede dünýä rekordyny goýup, bürünç medala mynasyp boldy.Itekläp götermekde hytaýly agyr atletikaçy ahmyrdan çykmagy başardy. Ýaryşda üçünji synanyşyga çenli öňdeligi koreýaly türgen eýeläp gelýärdi, ýöne ol 153 kilogramlyk ştangany götermekde asgyn geldi. Žoui Wanga bolsa 152 kilogram agramlygy götermegiň hötdesinden gelmek hem-de sportuň bu görnüşinde hem-de iki görnüş boýunça altyn medal almak başartdy. Bu görnüşlerde Jong Sim Rim hem kümüş medallaryň ikisine mynasyp boldy. Itekläp götermede Kolumbiýadan gelen Leýdi Ýesseniýa Arboleda bürünç medaly aldy. Çykyşlaryň jeminde üçünji orny bolsa itekläp götermekde 142 kilogramy we jemde 259 kilogramy galdyran hem-de ýaşlaryň arasynda iki rekordy goýmagy başaran Patrisiýa Barrera eýeledi.Umumy hasapda iki altyn medaly eýelemek bilen Hytaý Halk Respublikasynyň topary bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlandy.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 ноября 2018

Beden terbiýesine 3 ugur boýunça seretmek bolar: Işjeňlik - beden maşklary bilen guralan yzygiderli işjeňlik hadysasy. Ders baýlygy hökmünde – ruhy we maddy baýlyklar. Netijelik – terbiýe işjeňliginiň netijesi hökmünde. Diýmek, jemgyýetde terbiýäniň, işjeňligiň oňat netijesini gazanmak üçin beden terbiýesiniň serişdeleri we usullary uly orun tutýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06268 sek. ýüklenen baýt: 32753