Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ussat agyr atletikaçy bilen sõhbetdeşlik
Ýazylan wagty: 08 ноября 2018 Ýazan Mayichka
― Sohrab Moradi, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen agyr atletikaçy. Dünýäniň çempionatynyň  altyn medalynyň eýesi. Janköýerleriň arasynda ony futbol ýyldyzy Messi bilen deňeýänlerem ýok däl. Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň erkekleriň arasynda 96 kilogram agramlykda geçirilen ýaryşynyň ýeňijisi Sohrab Moradi bilen söhbetdeş bolduk.
― Ýeňşiňiz gutly bolsun, Sohrab! Olimpiýa çempionynyň nobatdaky üstünligi hemmämizi begendirdi. Şatlykly duÿgularyñyzy muşdaklaryñyz okujylarymyz bilen paÿlaşsañyz.
― Minnetdar! Bu ýeňiş bütin halkymyň ýeňşi. Ajaÿyp dõwletdäki gazanan ÿeñişim hemişe ÿadymda bolar.
― Sport synçylarynyň bellemegine görä, çempionatyň dowamynda agramlygy ýeňillik bilen götermegi başaran ilkinji türgen ― siz. Eýsem, bu köp wagtky tejribäniň netijesimi?
― Tebigy güýç beriläýende-de, kämilleşmek üçin  tejribe hökman gerek. Muňa ikisiniň hem netijesi diýip bilerin.
― Ýaryşyň dowamynda hytaýly türgen Tian Taonyň esasy garşydaşyňyz boljakdygyny bilýärdiňizmi?
― Hawa. Edil şol türgendigini bilmesem-de, Hytaýdan ezber agyr atletikaçylaryň geljekdigini bilýärdim. Çünki şol garşydaşlyk öňki halkara ýaryşlarynda hem döräpdi.
― Ýeňiş gazanmak üçin ussat tälimçiniň elinde tälim almak esasy zerurlykmy?
― Elbetde! Ussatdan tälim almagam gerek, türgeniň özüniň guýma gursak bolmagy-da zerur.
― Öňdäki maksadyňyzy soramak hökmanam däldir-le. Çünki ähli agyr atletikaçynyň indiki maksady 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolmak. 
― Size Tokioda altyn medal gazanmagy arzuw edýäris!.
― Sagboluñ.
Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 ноября 2018

Eýranly Olimpiýa çempiony Sohrab Moradi 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda guralan Aziýa oýunlarynda 20 ýyla golaý wagtlap saklanan dünýä rekordyny täzeläpdi. Oňa Aşgabatda dowam edýän dünýä çempionatynda-da taý tapylmady. 96 kilograma çenli agramdaky ştangaçylaryň bäsleşiginde eýranly türgen 3 altyn medala mynasyp boldy. Şeýle-de, öz agramyndaky dünýä rekordlarynyň 3-ini täzelemegi başardy. Birbada götermekde 186 kilogramy göteren Sohrab Moradi 2-nji orna düşen hytaýly bäsdeşi Tian Taodan 5 kilogram ýokary netije görkezdi. Bu bolsa olaryň birinjisine altyn, ikinisine kümüş medal getirdi.180 kilograma hötde gelen belarusly Ýewgeniý Tihonsow bürünç medal gazandy. Itekläp götermekde Sohrab Moradi hytaýly garşydaşy Tian Taodan 4 kilogram köp göterip, 230 kilogram görkezijini adyna ýazdyrdy. Bu bolsa oňa altyn medal getirdi. Tian Tao kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy. Katarly Fares Ibrahim Elbakh 217 kilogram bilen bürünç medal gazandy. Umumy hasapda hem esasy göreş Moradi bilen Taonyň arasynda dowam etdi. Bu ýerde eýranly rekrodsmen Moradi 416 kilogram netije görkezip, çempion boldy. Dünýäniň wise-çempioni bolan hytaýly ştangaçy Tian Tao 407 kilograma hötde geldi. Rumyniýaly Nicolae Onica 391 kilogram görkeziji bilen bürünç medal gazandy. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05373 sek. ýüklenen baýt: 32225