Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Birbada gõtermekde medal gazandy
Ýazylan wagty: 08 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Birbada götermek boýunça demirgazyk koreýaly türgen Rim Jong Sim 119 kg göterip, altyn medal gazandy. Hytaý Halk Respublikasyndan gelen türgen Wang Zhouyu 118 kg agramy göterip, kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medala ekwadorly agyr taletikaçy Dajomes Barrera (117 kg) eýelik etdi.Itekläp götermek boýunça hytaýly türgen Wang Zhouyu altyn medal gazanmagy başardy (152  kg). Bu görnüş boýunça kümüş medaly 150 kg göteren demirgazyk koreýaly Rim Jong Sim eýeledi. Kolumbiýa  döwletinden  Solis Arboleda 146 kg göterip, bürünç medala mynasyp boldy.Umumy hasap boýunça birinji orny Wang Zhouyu eýeledi. Ol 270 kg götermegiň hötdesinden geldi. Kümüş medal Rim Jong Sime gowşuryldy (269 kg).  Ekwdorly Dajomes Barrera ýaryşy bürünç medal bilen tamamlady (259 kg).  Şeýlelikde, Olimpiýa oýunlarynyň 2 gezek çempiony Rim Jong Sim umumy hasapda altyn medal gazanyp bilmedi. Ol diňe birbada götermekde 1-nji orny eÿeledi.
Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
08 ноября 2018

Türkmenistan döwletimizde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Altyn asyr harytçynaslyk merkeziniň önümleri daşary ýurtdan gelen myhmanlara sowgatlyk edinmäge giň mümkinçilik berýär. Hindistandan gelen türgen zenan Dalabehera Jhili hem türkmen milli eşiklerinden edinmäge höwesek bolupdyr. Ol çempionatda 49 kilograma çenli agramda «C» toparçada çykyş edip, iň gowy netijäni görkezdi. Ol öz pikirini biziň bilen paýlaşdy: — Men Türkmenistana gelip, türkmen zenanlarynyň milli egin-eşiklerine hyrydar boldum. Şonuň üçin özüme hem-de joralaryma sowgatlyk keteni matasyny aldym. Keteni maňa elmydama Türkmenistany ýatladyp durar. Ol soňra sözüni dowam edip, «Türkmenleriň we hindileriň millilige goýýan gadyrynyň bir meňzeşligi bizi has-da ýakynlaşdyrýar» diýip belledi. Hindisyanly myhman ýene-de mümkinçilik bolsa Türkmenistana höwes bilen geljekdigini gürrüň berdi. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05384 sek. ýüklenen baýt: 30900