Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hasyl toýy-berekediň baýramy!
Ýazylan wagty: 08 ноября 2018 Ýazan NEXTTM
 Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagy bilen toýlary-toýa ulaşýan Watanymyzda berekediň baýramy bolan Hasyl toýuna barýan Halkymyzyň buýsanjynyň çägi ýok. Gyşy gyş kimiň ýazy ýaza meňzeýän, tomsy bol gűneşli, gűýzi bol Hasylly tűrkmen topragynda öndűrűlýän oba Hojalyk önűmleriniň dűrli görnűşiniň toý sergisini bezäp, göreniň gözűni, kalbyny dokundyrýar.

Ýetişdiren bol Hasyl Halkymyzyň bol elin durmuşynyň aýdyň şaýady, edermen gallaçylarymyzyň hem irginsiz zähmetiniň netijesidir. Hasyl toýuna getirýän műň many-maňyzly, műň datly tagamly önűmleriň arasynda iň naýbaşy görnűşiniň biri hem ak bugdaýymyzdyr. Edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derinden kemala gelen ak bugdaý döwletlilikden nyşandyr.

Tűrkmen Halky çörek bolçulygynyň bolmagy űçin Hemişe agzybir zäHmet çekýärler. Sebäbi çörek abadançylygyň, agzybirligiň döwletliligiň nyşany. Toýlarda supra ýazyp nan döken ata-babalarymyzyň däp dessurlary şu gűňlerde hem has kämil, hem medeniýetli dowam edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrűnde Hormatly Arkadagymyzyň oba hojalygy ösdűrmek űçin ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowlandyrmak űçin agrotehnikalary, dökűn zawodlaryny täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmagy özűniň onyň netijesini berýär.

Bu ýyl hem oba hojalyk önűmleriniň bol hasyly ýygnalyndy. Däbe görä her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde halkymyz ýurdumyzda Hasyl toýuny uly dabara bilen belläp geçýärler.

Bu baýramçylykda zähmet söýer daýhanlarymyzyň arasynda bol hasyly ýetişdirmekde tapawutlanlaryna önűmçiligi ylmy taýdan ösdűrmäge goşant goşan alymlarymyza Hormatly Prezidentimiziň adyndan uly sylaglar berilýär.

Goý,  Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12235 sek. ýüklenen baýt: 30393