Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hashami Ala taÿ tapylmady
Ýazylan wagty: 09 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Çempionadyň sekizinji gününiň iň soňky ýaryşy 102 kg çykyş edýän erkekleriň arasynda bolup geçdi. Sargalan agramlary üýtgetmek bilen çekeleşikli geçen ýaryş ýatda galyjy boldy.Birbada götermek boýunça ikinji synanşygynda (178 kg) çempionadyň 60-njy rekordyny goýan özbegistanly türgen Djuraev Akbar soňky synanşygynda 180 kg agramlygy galdyryp altyn medala mynasyp boldy. Ol şol sanda ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny hem täzeledi.Agyr agramyň ussatlary hasaplanýan eýranly türgenler hem netijeli çykyş etdiler. Hormatly ikinji ýeri eýranly türgen Hashemi Ali 179 kg galdyryp mynasyp boldy. Türgen geçen dünýä çempionadynyň altyn medalynyň eýesidir.Öz medal sanawyny dünýä çempionadynyň altyn medaly bilen artyrmak isleýän ukraýinaly türgen Chumak Dmytro 176 kg agramlygy galdyryp bürünç medala eýe boldy. Türgen 2015-nji ýylda geçirilen dünýä çempionadynyň bürünç medalynyň, 2017-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionadynyň kümüş medalynyň eýesidir.Itekläp götermekde altyn medala 218 kg galdyran eýranly türgen Beiralvand Reza mynasyp boldy. Kümüş medala Chumako Dmytro 217 kg göterip eýe boldy. Hashemi Aly 217 kg netije bilen bürünç medal bilen kanagatlanmaly boldy.Şeýlelikde umumy hasapda Hashami Ala taý tapylmady. Ol 396 kg agram netije bilen ýene ikinji gezek dünýä çempiony boldy. Kümüş medal türgen Chumak Dmytro 393 kg galdyryp eýe çykdy. Bürünç medaly ýene bir eýranly türgen eýeledi. Beiralvand Reza bu derejä 393 kg galdyryp mynasyp boldy.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 ноября 2018

Planetanyň iň güýçli ştangaçylaryny Türkmenistanyň paýtagtynda jemlän agyr atletika çempionaty ahyrlaýar. Çempionatyň 9-njy güni 109 kilograma çenli erkekler agramdaky hem-de 87 kilograma çenli agramdaky zenanlar medallaryň eýelerini belli ederler.Şol bäsleşikler günüň ahyrynda geçiriler. Oňa çenli bolsa 87+ agramdaky zenanlar «C» toparda, şu gün medallar ugrunda göreşjek agramlaryň wekilleri hem «B» toparda güýç synanyşarlar.Çempionatyň başyndan bäri eýýäm ençeme gezek «B» toparda çykyş eden ştangaçylaryň medallar ugrundaky bäsleşiklere goşulandyklary dünýä birinjiliginiň çekeleşigini artdyrýar. Şonuň üçin şu günem uzakly günüň dowamynda agyr atletikaçylaryň arasyndaky dartgynly göreşe we ajaýyp çykyşlara şaýat bolarys.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16945 sek. ýüklenen baýt: 31212