Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agyr atletikaçylar agyr agramda
Ýazylan wagty: 09 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Türkmenistanda dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün agyr agramdaky ştangaçylar göreşe girişýärler. 109 kilograma çenli agramda çykyş edýän erkekleriň ýaryşynda baýrakly orunlar ugrundaky göreşe bilesigelijilik bilen garaşylýar.109 kilograma çenli erkekleriň bäsleşiginde ermenistanly Ýewropa çempiony Simon Martirosyan altyn medala esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýar. Onuň 2016-njy ýylda Olimpiýa oýunlarydna kümüş medal gazanandygyny  ýatladýarys.Özbegistanly agyr atletikaçy Ruslan Nurudinov bolsa Braziliýadaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy. Has dogrusy, Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiadada Simon Martirosyan bilen Ruslan Nurudinov altyn medal ugrunda bir agramda (105 kg) bäsleşipdiler. Indi bolsa olar Aşgabatda dünýä çempionatynyň altyn medaly ugrundaky göreşe girişerler.Yrakly Salwan Jasim hem baýrakly orunlaryň birine dalaş eder diýip çaklanylýar. Ol 2017-nji ýylda Bakuda guralan Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda kümüş medal gazandy, şeýle-de Indoneziýadaky Aziadada Ruslan Nurudinov bilen bir agramda bäsleşip, ondan yza galdy. Netijede, Salwan Jasim kümüş medala eýelik etdi.Eýranly Barari Mohammadreza bassyr 2 gezek Aziýanyň çempiony bolan agyr atletikaçy. Ol hem aziýaly ştangaçylaryň dünýä çempionatynyň medallaryna esasy dalaşgärleriň hatarynda durýandyklaryny görkezmegi maksat edinýär.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 ноября 2018

Soňky olimpiýa oýunlarynyň netijelerini seljerip, zenanlaryň öz ýurtlaryna has köp medal getirip başlandyklaryny görmek bolýar. Olaryň öz ýurtlarynyň milli ýygyndylarynyň düzümindäki erkeklerden kem galmajak bolup yhlas edýändiklerine Aşgabatdaky dünýä çempionatynyň dowamynda-da göz ýetirilýär.Dünýä çempionatynyň 9-njy güni 87 kilograma çenli agramdaky zenanlar ýaryşa girişdiler. Bu agramda Dominikan Respublikasyndan Santana Peguero Crismery Dominga bilen Aziýa oýunlarynyň (2014) çempiony bolan demirgazyk koreýaly gyz Kim Un Ju altyn medala esasy dalaşgär hasaplanýar.Hytaýly Ao Hui hem Aziýanyň çempionatlarynda oňat netije görkezýän agyr atletikaçylaryň biridir. Şeýle-de, russiýaly Diana Mstieva baýrakly orunlara dalaş etmäge taýýarlyk görýär. Onuň Ýewropanyň çempionydygy (2017) we Uniwersiadanyň (2017) kümüş medalynyň eýesidigi bäsdeşlerine çynlakaý garşylyk görkezjekdigini aýtmaga esasy berýär. Diýmek, bu agramda hem janköýerler gyzykly ýaryşa tomaşa edip bilerler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07920 sek. ýüklenen baýt: 31435