Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmen sporty arşa galÿar
Ýazylan wagty: 09 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamas Aýany kabul etdi. Duşuşyk wagtynda Türkmenistanyň  Prezidenti  IWF-iň ýolbaşçysyna Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Tamaş Aýan dünýäniň 100-e golaý döwletiniň gatnaşýan dünýä çempionatynyň deslapky netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tamaş Aýan bu çempionaty guramak hukugyna ýurtlaryň 5-siniň dalaş edendigini, emma IWF-niň ony Türkmenistanda geçirmek kararyna gelendigini aýtdy. Ol bu ýerde Türkmenistanda sport ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň aýgytly ähmiýetiniň bolandygyny belledi.          Türkmen Lideri  Türkmenistanyň ýakyn geljekde welotrek, sambo, boks, şeýle-de kenarýaka Aziýa oýunlary boýunça dünýä derejeli ýaryşlary geçirmek babatda ýüztutmalary kabul edendigini belläp, geljekde agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň  Prezidenti bilen IWF-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 ноября 2018

Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjiginde dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda IWF- iň dopinge garşy topary wiktorina geçirýär.Dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri bolan Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türgenleriň dopinge garşy pikirlerini barlamak niýeti bilen ýörite wiktorina guralýar.Türgenler sowallara dogry jogap berseler, olara Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) sowgatlary gowşurylýar.Geçirilýän wiktorinanyň esasy maksady türgenleri arassa ýaryşa çekmekden, olaryň dopinge ýok diýmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06366 sek. ýüklenen baýt: 30784