Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sekizinji güniñ netijeleri
Ýazylan wagty: 09 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Düÿn Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy.Ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa B toparçada itekläp götermek görnüşinde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny we birbada götermekde dördünji orny eýeledi.Toparçada öňdäki orna mynasyp bolan Rauşan Meşithanowa (Gazagystan) itekläp götermekde 108 kilogram agramyň hötdesinden gelip, güýçli hasaplanylýan A toparçadaky bäsdeşleriniň köpüsinden ýokary netije görkezdi we netijede, ikinji orna mynasyp boldy.Umumy hasapda birden götermekde London Olimpiadasynyň çempiony ispaniýaly Lidiýa Walentin Perez ýeňiji boldy. Belarus Respublikasyndan gelen türgen Darýa Naumowa bolsa bürünç medaly eýeledi.Itekläp götermekde örän çekeleşikli göreş dowam etdi, aýgytlaýjy synanyşyga çenli türgenleriň birnäçesi çempionlyk adyna dalaş etdiler. Türgenleriň ikisi 137 kilogram agramlygy götermegi başardylar. Ýöne, goşmaça görkezijiler boýunça Darýa Naumowa altyn medaly eýeledi, ol çykyşlaryň jemi boýunça ikinji orna mynasyp boldy.Itekläp götermekde ikinji orna eýe bolan ekwadorly Tamara Salazar çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny eýeledi.Itekläp götermekde üçünji orna mynasyp bolandygyna garamazdan, çykyşlaryň iki görnüşi boýunça ispaniýaly türgen Lidiýa Walentin Perez jemi 249 kilogram agramyň hötdesinden gelmek bilen, ýeňiji bolmagy başardy.Erkekleriň arasynda B toparçada 102 kilograma çenli agramlyk derejede bäsleşikden daşary çykyş edýän ildeşimiz Öwez Öwezow çykyşlaryň jemi boýunça hem-de birden götermekde iň gowy netijäni görkezdi we itekläp götermekde üçünji orny eýeledi.A toparçasynda birden götermekde esasy göreş Özbegistandan, Eýrandan we Ukrainadan gelen türgenleriň arasynda ýaýbaňlandyryldy. Bäsleşigiň şu görnüşinde özbek türgeni Akbar Juraýew aýgytlaýjy synanyşygynda 180 kilogram agramy göterip, ýeňiji boldy hem-de ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny iki gezek täzelemegi başardy.179 kilogram agramy göteren eýranly Ali Haşemi kümüş medala, ukrainaly türgen Dmitro Çumak bolsa bürünç medala mynasyp boldular.Itekläp götermekde ýene-de bir eýranly türgen Reza Beýralwand çempion diýen ada mynasyp boldy. Ol 218 kilogram agramyň hötdesinden gelip, itekläp götermekde ýeňiji boldy, çykyşlaryň jemi boýunça üçünji orny eýeledi.Ukrainaly türgen D.Çumak itekläp götermekde hem-de çykyşlaryň jemi boýunça ikinji orny
eýeläp, netijede, kümüş medallaryň ikisine we bürünç medallaryň birine mynasyp boldy.Çykyşlaryň iki görnüşiniň jemi
boýunça Ali Haşemi (Eýran) dünýäniň çempiony boldy. Ol itekläp götermekde üçünji orny eýeledi.Özbegistanly Akbar
Juraýew birden götermek boýunça altyn medaly eýeläp, çykyşlaryň iki görnüşiniň jemi boýunça 392 kilogram bilen
ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny goýdy.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 ноября 2018

1-nji noýabrda Aşgabatda badalga alan agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ahyrlaýar. Gelýän myhmanlaryň ýaşaýyş jaý, iýmit üpjünçiligi, transport ulgamlary bilen üpjün edilmegi çempionatyň ýokary derejede guralandygyna şaýatlyk edýär. Ýaryşyň geçirilýän döwründe myhmanlar Bitaraplyk binasyna, Garaşsyzlyk binasyna, Türkmenistanyň milli haly muzeýine, Köwata ýerasty kölüne we birnäçe taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat edýärler.  10-njy noýabrda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11185 sek. ýüklenen baýt: 32590