Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Dünÿä birinjiligi ertir tamamlanar
Ýazylan wagty: 09 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Ýurdumyzda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty gyzgalaňly ýagdaýda dowam edip ertir tamamlanÿar. Bu çempionata gelen myhmanlar Olimpiýa şäherjiginiň gurluşyna diýseň ýokary derejede baha berýärler.Myhmanlar esasanam şäherjigiň desgalaryň biri-birine ýakyn ýerleşmegini, olaryň milli äheňde gurulmagynyň  uly ähmiýetiniň barlygyny bellediler.Aşgabada gelen daşary ýurtly bilermenler dünýä çempionatynyň ýokary derejede guralandygyny görüp, Türkmenistanyň  Olimpiýa oýunlaryny-da geçirip biljekligini nygtaýarlar.Olimpiýa şäherjiginiň daş-töwereginde iri ulag ýollary geçýär. Bu örän ähmiýetli faktor bolup, toplumyň ähli desgalaryna päsgelsiz barmaga mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da Olimpiýa şäherjiginiň içinde türgenlere we myhmanlara monorelsiň göwnejaý hyzmat edýänligini aýratyn belleýärler.
Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
09 ноября 2018

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmekde sport kommentatorlarynyň hyzmaty uly bolup durýar. Aşgabatda ilkinji gezek myhmançylykda bolan Hytaý Halk Respublikasynyň CCTV teleýaýlymynyň sport kommentatory agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna Hytaý Halk Respublikasyndan telewideniýe işgärleriniň kommentatorlar, operatorlar, habarçylar, ählisi birlikde 5 sanysy geldiler. CCTV teleýaýlymynda çempionat diňe hytaý dilinde halk kopçüligine ÿetirilÿar. Ýöne şeýlede-de bolsa, biz bu çempionaty 1 milliarddan gowrak adama ýetirip bilýäris.CCTV-niň işgärleriniň iň iri halkara tejribesi Olimpiýa oýunlary. Eýýäm 2004-nji ýyldan bäri sport synçylary Olimpiýa oýunlaryny, dünýä çempionatlaryny, galyberse-de başga iri halkara ýaryşlary-da teswirläp gelýärler. Agyr atletika boýunça 84-nji dünýä çempionatynda sport synçylary üçin döredilen mümkinçilikler ÿokary. Tehniki tarapdan, guramaçylyk taýdan hiç hili bökdençlik ýok.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05630 sek. ýüklenen baýt: 30943