Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Agyr atletika boÿunça Dünÿä çempionaty rekordlar bilen tamamlandy.
Ýazylan wagty: 10 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Çempionadyň iň soňky ýaryşy iň ýokary agram bolan +109 kilogramda bäsleşjek türgenleriň arasynda boldy.Birbada götermek boýunça altyn medala garaşylyşy ýaly, gruziýaly Lasha Talakhadze mynasyp boldy (217 kg). Ol şol sanda ulularyň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Kümüş medaly 205 kg galdyran ermenistanly Gor Minasyan aldy. Ýene bir gruziýaly türgen Irakli Turmanidze 203 kg göterip, bürünç medala eýe boldy. Itekläp götermek boýunça hem altyn medaly Lasha Talakhadze hiç kime bermedi. Ol 257 kg galdyryp 1-nji orny eýeledi. Ol şol sanda dünýä rekordyny hem täzeledi. Kümüş medaly 245 kg galdyran Gor Minasyan aldy. Özbegistanly Rustam Djangabaev 245 kg göterip bürünç medala mynasyp boldy. Bu agramda Türkmenistanyň wekili Hojamuhammet Toýçyýew hem çykyş etdi. Ol 240 kilogram görkeziji bilen 4-nji orny eýeledi. Umumy hasapda Lasha Talakhadze 474 kg göterip, çykyşyny ynamly ýeňiş bilen jemledi. Ol şol sanda dünýä rekordyny-da täzeledi. Kümüş medaly  450 kg galdyran Gor Minasyan aldy. 447 kg galdyran Rustam Djangabaev bürünç medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy. Bu çempionat täze dünýä rekordlarynyň birnäçesi bilen ýatda galdy. 
Okalan sany: 148   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
10 ноября 2018

Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy  Jassim Alawadhi dünýä çempionatyna emin hökmünde hem gatnaşdy. Ol Aşgabat şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň guramaçylygy ýokary derejede diyip belledi. Türkmenistan döwleti halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmekde tejribesi ýeterlik bolan döwlet.Ýaryşlar gyzgalaňly geçirildi diýip, aýtdy. Bu dünýä çempionatyna 100 töweregi döwletden türgenleriň gatnaşandygy we täze agramlarda rekordlaryň goýlandygy oňa bolan gyzyklanmany artdyrdy. Aşgabat şäherini ýakyndan synlamak bilen onuň örän gözel şäherdigine şaýat boldular. Bu ýerdäki desgalardyr binalaryň gurluşy bizi haýran galdyrdy. Aýratynam, bu şähere aýak basan ilkinji pursatlarymyzda güler ýüz bilen gyzgyn garşylanmagymyz ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerde özümizi edil öýümizde ýaly duýduk diýÿär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05321 sek. ýüklenen baýt: 31282