Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT ÇÄRELERINDE MILLILIGI SAKLAMAK WE KÄMILLEŞDIRMEK
Ýazylan wagty: 12 ноября 2018 Ýazan Mayichka
Türkmen halky öz garaşsyzlygyny alandan soň öz milligini dikeltmegiň ýoluna düşüp, sport ulgamynda-da türkmen milli oýunlarymyzy, sportuň milli görnüşlerini Türkmen milli göreşi we atçylyk sportuny mundan başgada sportuň beýleki görnüşlerine millilik äheňini siňdirip, geljeki ýaş nesli türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan bize miras galan milli edep däp-dessurynda terbiýelemekde we kämilleşdirmekde agramly işleri edýär. Türkmen milli oýunlary her bir ýaş şahsyýetiň kemala gelmegine güýçli täsir edýär.Olarda eserdeňlik, ünüslilik, duýgurlyk, ýatkeşlik hem-de çuň aňyýet kemala gelýändir. Türkmmen türgenleri garaşsyzlygy almak bilen daşary ýurtlada geçirilýän sport ýaryşlarynda-spartakiýadalarda, uniwersiýadalarda, aziýa we dünýä çempionatlarynda çykyş edip hormatly ýerleri eýeläp, Türkmenistanyň ýaşyl baýdagyny uly buýsanç bilen pasyrdadyp, watanymyza uly abraýlar getirip dünýä halklarynyň arasynda tanaldy. Türkmen halkynyň islendik toý baýramy öz milligini ýitirmän, türkmen sportunyň naýbaşysy hasaplanýan türkmen milli göreşini we at çapyşygyny uly baýrakly orunlar bilen geçirmäni başarýar. Türkmeniň toý baýramy aýdym-saz bilen bilelikde dürli milli oýularymyzyň çykyşlary bilen beslenýär.
Okalan sany: 151   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 ноября 2018

Ata-bablarymyzdan miras galan we şu günlerimize gelip ýeten “Ogar-ogar, “”Aýtere-günterek”, “Gözdaňdy”, “Ýalyga towusdy”, “keçe-keçe”, “Tanap çekmek” , “ Ortada durmak” ýaly oýunlar has il arasynda uly isleg bilen kabul edilýär we giňden ýaýrap oýnalýar. Mundan başgada biziň çagajyklarymyzyň uly gyzyklanma bilen oýnaýan oýunlarynyň biri-de aşyk we para oýunlary şu günlere çenli saklanyp galyp oýnalýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06674 sek. ýüklenen baýt: 30696