Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
“Täsirli geçen oýunlаr”
Ýazylan wagty: 28 ноября 2018 Ýazan NEXTTM

            
“Täsirli geçen oýunlаr” 

TNGIZT-nyň garamagyndaky Medeni-sport toplumynda kenarýaka şäheriň ilaty üçin yzygiderli medeni-köpçülik çäreleri, konsertler gurnalýar. Elbetde, şäher ýaşaýjylary paýtagtymyzyň sahna ussatlarynyň çykyşlaryna mydama sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. 

Şu ýylyň noýabr aýynyň 26-28-i aralygynda hem Türkmenistanynyň Medeniýet Ministrliginiň A.S.Puşkin adyndaky döwlet drama teatry 2 sany spektakly Türkmenbaşylylara görkeziler. Dünýä edebiýatynyň meşhur çagalar ýazyjysy Ş.Perronyň «Gyzyl şyrdaklyja» (Красная шапoчка) ertekisine goýlan spektakla ýaş tomaşaçylar höwes bilen tomaşa etdiler.

Täsin, oňat bezelen sahnada keşbe giren gahrymanlar çagalaryň göwnünden turdy. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlaryny çagalar bilelikde ýerine ýetirdiler. Bu spektakl körpeleri agzybirlige dostluga çagyrýar, çünki ýyrtyjy çal möjek hem oýnyň ahyrynda bet pälinden gaýdýar.

Rus ýazyjysy S.Belowyň eseri boýunça goýlan «Naýbaşy ýigit» (Шикарный мuжчина) gödek degişme oýnunda geçýän wakalara adamlar hezil edip, tomaşa etdiler. “Naýbaşy ýigit” hasaplanaýan gahryman hem çykgynsyz ýagdaýlardan çykmak üçin bolýan hereketler tomaşaçylar üçin gülkünç we täsirli boldy. Elbetde oýnuň soňy bagtly nika bilen tamamlandy. 

Türkmenistanyň at gazanan artistleri Olga Wolkowa, Larisa Kosonogowa şeýle-de ussat aktýor Walera Dmitriýew, ýaş aktrisalary Dariýa Suliminowa, Lýubow Ýemelýanowa we Resul Nurumow dagyny ussatlyk bilen janlandyrýarlar. 

Üç günläp sahna oýunlaryna dürli milletden tomaşa edenleriň işden boş wagtlary gyzykly we täsirli geçdi. 






Okalan sany: 527   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08731 sek. ýüklenen baýt: 33062