Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Aziýanyň çagalary” Gyşky sport oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndysy we meýletinçiler gatnaşar
Ýazylan wagty: 03 декабря 2018 Ýazan Sparta
“Aziýanyň çagalary” Gyşky sport oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndysy we meýletinçiler gatnaşar
2019-njy ýylyň fewral aýynda Demirgazyk Sahalinde (Russiýa Federasiýasy) “Aziýanyň çagalary” atly Birinji gyşky sport oýunlary geçiriler. Oňa Türkmenistandan hem ýygyndy toparyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistan Güneşli ýurt bolsa-da, sportuň gyşky görnüşleri okgunly ösdürilýär. Muňa ýurdumyzda şaýbaly hokkeýiň we figuralaýyn typmagyň ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma eýe bolmagy hem tassyklaýar. Bu gezek bolsa türkmenistanly ýaş türgenler - çagalar taryhda ilkinji gezek geçiriljek “Aziýanyň çagalary” Gyşky sport oýunlaryna gatnaşarlar.
Aslynda, ozal şeýle at bilen Tomusky oýunlar geçirilýärdi, olary her dört ýyldan bir gezek geçirmek adatada öwrülipdi. Ýöne bu oýunlaryň iň soňkusy mundan 20 ýyl ozal geçirildi. Şondan soň bolsa, bu ýaryş saklanyldy. Mundan iki ýyl ozal bolsa taryhy ýaryşy gyşky oýunlar boýunça dikeltmek we ilkinji ýaryşy Sahalinde geçirmek kararyna gelindi. Russiýanyň bu oblasty gyşky ýaryşlary geçirmäge doly mümkinçilik berýär.
“Aziýanyň çagalary” tomusky oýunlar boýunça geçirilýän döwürleri oňa yklymyň köp sanly döwletinden on müňlerçe çaga gatnaşýardy. Guramaçylyk komiteti gyşky ýaryşlara hem gyzyklanmanyň uly boljakdygyna ynanýar.
Birinji oýunlary 2019-njy ýylyň 8 - 17-nji fewraly aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Oýunlarda sportuň 8 görnüşi: biatlon, dag lyžasy, lyžaly typmak, beýiklikden lyžaly bökmek, figuralaýyn typmak, snoubord, hokkeý we şort-trek boýunça ýaryşlar geçiriler. Häzirki wagtda ýaryşa gatnaşmak üçin 17 döwletden ýüztutma kabul edildi. Her toparda azyndan 20 türgen bolar. Gatnaşjak döwletleriň arasynda biziň ýurdumyzdan başga-da, Wýetnam, Gonkong, Indoneziýa, Iordaniýa, Gazagystan, Kamboja, Mongoliýa, Nepal, Pakistan, Ýaponiýa ýaly köp sanly döwletler bar. Şol sanda Russiýa Federasiýasyndan aýry-aýry toparlar gatnaşarlar. Olar Moskwa şäherine, Tatarystan, Başgyrdystan, Saha Respublikalaryna hem-de Uzak Gündogar, Sibir, Ural federal okruglaryna wekilçilik eder.
Oýunlara daşary ýurtlardan 200 çemesi meýletinçiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar, şol sanda türkmenistanly meýletinçiler hem ýaryşa gatnaşyp biler.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08492 sek. ýüklenen baýt: 31958