Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kairde türkmen-müsür özara hereketini işjeňleşdirmegiň ugurlary bellenildi
Ýazylan wagty: 03 декабря 2018 Ýazan NEXTTM

Kairde türkmen-müsür özara hereketini işjeňleşdirmegiň ugurlary bellenildi

Kairde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge alnan ugruň jähtinden Müsür Arap Respublikasy bilen ýakyn we özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr.

Bu ugurda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň işine iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň işjeň guraly hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.

Öz gezeginde, toparyň müsür tarapyndan başlyklarynyň biri - Müsür Arap Respublikasynyň maýa goýumlary we halkara hyzmatdaşlygy ministri doktor Sahar Nasr bu duşuşygyň türkmen-müsür gatnaşyklarynyň uzak möhletli häsiýete eýedigine we hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge iki tarapyň hem gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýänligini nygtady.

Mejlisiň barşynda köpugurly türkmen-müsür gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, söwda, energetika, oba senagat toplumy, saglygy goraýyş, derman senagaty, ulag we kommunikasiýa, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde birinji işewürlik-maslahaty geçirildi, onuň barşynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Müsüriň ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinň ikitaraplaýyn duşuşklary geçirilip, onda özara hereketi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlary kesgitlenildi.

Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07867 sek. ýüklenen baýt: 31616