Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
IL-ÝURT BÄHBITLI IŞLERÝ
Ýazylan wagty: 03 декабря 2018 Ýazan NEXTTM

IL-ÝURT BÄHBITLI
IŞLERÝ

urdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmaga nebitgaz toplumynyň işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Pudagyň kärhanalarynda tebigy gazyň gazylyp alnyşyny artdyrmak, ony gaýtadan işlemegiň hasabyna gymmatly önümleri bolluk bilen öndürmek ugrunda anyk işler alnyp barylýar. Il-ýurt bähbitli işe pudagyň gurluşyk edaralarynyň hünärmenleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Olar möhüm desgalary gurmakda we işe girizmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Golaýda bu babatda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda möhüm buýurmalaryň biri üstünlikli berjaý edildi. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan Çöllük–Kerpiçli aralygynda umumy uzynlygy 9,7 kilometre golaý bolan ýokary basyşly gaz geçirijisini çekdiler. Munuň özi Naýyp ýatagyndaky suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumyna Döwletabat–Derýalyk ýokary basyşly gaz geçirijisi arkaly akdyrylýan tebigy gazy bermäge, netijede, toplumyň çig mal bilen üpjün edilişini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu möhüm buýurmanyň baş potratçysy «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazinženerçilik we gurluşyk» müdirliginiň Gazojak şäher şahamçasynyň binagärleri boldy.

– Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk ähmiýeti bolan pudagymyzyň möhüm desgalaryny gurmaga gatnaşýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Täze gaz geçirijisiniň gurluşygynda işleriň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi ugrunda uly tagallalar edildi. Zerur işleri bellenilen möhletinde tamamlamaga kömekçi gurluşyk edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşdy. Täze geçiriji arkaly tebigy gazyň uly möçberiniň akdyrylyp başlanmagy bolsa, çeken zähmetimiziň ýerine düşendiginden habar berýär – diýip, şahamçanyň ýolbaşçysy Kömek Kaýlyýew uly kanagatlanma bilen gürrüň berýär.

Çölde, meýdan şertlerinde zerur işleriň talaba laýyk geçirilmegi ugrunda dürli kärli gurluşykçylar yhlasly we tutanýerli zähmet çekdiler. Gurluşyk meýdançasynyň ýolbaşçysy Tahyr Goçyýew olaryň işlerini netijeli guramagyň hötdesinden geldi. Gazanylan üstünlige slesar-gurnaýjy Annabaý Ýaňybaýew, kebşirleýji Mahmut Mätýakubow we turba daşaýjynyň sürüjisi Isa Annaýew we beýlekiler has saldamly goşant goşdular.

Gurluşyk edarasynyň agzybir işgärleri «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem yhlasly we maksada okgunly zähmet çekýärler. Häzirki wagtda olar Farap–Osty aralygyndaky gaz geçirijiniň durkuny düýpli täzelemek bilen baglanyşykly möhüm buýurmany ýerine ýetirýärler. Umumy uzynlygy 21 kilometre barabar bolan gaz geçirijiniň eýýäm 16,5 kilometrden gowrak böleginde degişli işler doly berjaý edildi. Galan işleri hem ýakyn wagtlarda tamamlamak maksat edinilýär. Bu bolsa etrabyň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjün edilişini düýpli gowulandyrmaga ýardam berer.

– Gurluşykçylarymyz şu günler Naýyp–Balguýy gaz ýataklarynyň aralygynda kuwwatly transformator bekediň gurluşyk-gurnama işlerini hem alyp barýarlar. Ýakyn geljekde bu desganyň işe girizilmegi gaz ýataklaryny, beýleki önümçilik desgalaryny, şeýle-de ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesini doly çözmäge mümkinçilik berer. Biz özümize tabşyrylan degişli işleri bellenilen möhletinde, edilýän talaba laýyklykda tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýäris. Hormatly Prezidentimize ýokary netijeli işlemegimiz, abadan durmuşda ýaşamagymyz ugrunda ýadawsyz alada edýändigi üçin çäksiz alkyş aýdýarys – diýip, Kömek Kaýlyýew guwanç bilen nygtaýar.

Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05358 sek. ýüklenen baýt: 33371