Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GYÝANLY — TÜRKMEN GUDRATYNYŇ GÜWÄSI
Ýazylan wagty: 03 декабря 2018 Ýazan NEXTTM

GYÝANLY — TÜRKMEN GUDRATYNYŇ GÜWÄSI

Ýurdumyzyň günbatar sebiti ata Watanymyz Türkmenistany ykdysady taýdan has belende götermekde giň mümkinçiliklere we has oňaýly şertlere juda baý mekandyr. Bu welaýatyň ulag-geografiki ýerleşişi, howa we tebigy özboluşlylygy, gazylyp alynýan köpdürli peýdaly magdanlara hem-de olaryň ägirt uly gorlaryny öz goýnunda jemleýän ýataklara baýlygy we başga-da köp-köp mümkinçilikler sebitiň ykdysady ösüşine, ony yzygiderli senagatlaşdyrmaga düýpli itergi berýär.

Garabogaz şäheriniň golaýyndaky karbamid zawodynyň, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşyklary bu sebiti senagatlaşdyrmagyň bellenilen maksatnamalara laýyk alnyp barylýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Tutuş dünýäde iň iri gurluşyklaryň hatarynda ykrar edilýän bu desgalaryň her biriniň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da belende göteriler.

Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen polietilen hem-de polipropilen önümçiligi boýunça dünýä hil ülňülerine laýyk gurulýan «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazhimiýa toplumynyň ýakyn wagtlarda ulanmaga tabşyrylmagy bilen Türkmenistan diňe bir tebigy gaz we nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda öz tutýan ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda hem mynasyp ornuny tapar. Ýeri gelende aýtsak, 2014-nji ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gurluşygyna girişilen bu gazhimiýa toplumynyň taslamasy şol ýyl Ýewropada we Ýewraziýada eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän on taslamanyň iň gowularynyň biri hökmünde ykrar edilip, Beýik Britaniýanyň abraýly «TXF» guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolupdy.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny yzygiderli senagatlaşdyrmak babatynda esasy resminamalaryň biri bolup durýar. Şu döwletli maksatnamanyň çäklerinde Gyýanly şäherçesinde gurulýan bu toplumyň işe girizilmegi bilen ol ýerde her ýylda öndüriljek polietileniň hem-de polipropileniň möçberleri degişlilikde 386 müň tonna we 81 müň tonna barabar bolar. Bu netijeleri gazanmak üçin toplumda her ýylda gaýtadan işleniljek tebigy gazyň möçberi bolsa, bäş milliard kubmetre deň bolar. Tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň öňünde hil taýdan täze mümkinçiliklere giň ýol açylýar. Bu çäklerdäki Magtymguly, Diýarbekir ýaly känler tejribe-senagat taýdan ulanmaga irgözinden taýýarlanylyp goýuldy. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde 2011-nji ýylda Hazaryň kenarynda gazy gaýtadan işleýän zawod we ýerüsti gaz terminaly gurlup, ulanyşa tabşyrylypdy.

 Kuwwatly çig mal binýadynyň, ulag hem-de beýleki möhüm düzümleriň bolmagy hut Gyýanly şäherçesiniň iri gazhimiýa toplumynyň merkezi hökmünde saýlanyp alynmagyny üpjün etdi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri doly tamamlanyp, goýberiş-sazlaýyş işleri ýokary depginde alnyp barylýan gazhimiýa toplumy Türkmenistanyň energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşarky bazarlara ugratmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrüň talabyna laýyklykda innowasion tehnologiýalary ulanmak esasynda ýokary önümçilik pudagyny döredýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. Aslynda ýurdumyzda tebigy gazdan alynýan we uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän täze ulgamyň işe girizilmegi ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly arkaly durnukly ösdürmek bilen gönüden-göni baglydyr. Türkmenistanyň alyp barýan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek syýasaty hem-de ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum şertleri nebitgaz pudagynda öňde goýlan bu wezipeleri amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär.

Bu täze gazhimiýa toplumynda polietilen we polipropilen önümçiligi döwrebap tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylar. Ilkinji çig maly täsin usullar boýunça mümkin bolan ähli garyndylardan düýpli arassalamak olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Munuň özi bu kärhanada ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleriň taýýarlanjakdygyndan habar berýär. Täze kärhanada ýangyna garşy howpsuzlyk we tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň, daşky gurşawy goramagyň talaplarynyň, sanitar we arassaçylyk talaplaryna laýyk gelýän polietilen önümçiligini kämilleşdirmek üçin ýörite goşundylary işläp düzmegi hasaba almak bilen, himiki toplumyň ekologiýa täsirini azaltmagyň meseleleriniň hem ýokary talaplara kybap çözgüdini tapjakdygyny-da aýtmak gerek.

Külkelenen polipropilen dünýä bazarlarynda geçginli harytlaryň biridir. Ol polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar, polimer we lukmançylyk önümleri, mäkäm urganlar, awtoulaglar üçin süzgüçler, şeýle hem dürli eginbaşlar we mebeller, azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdeleri we gutular hem-de beýlekiler öndürilende esasy zerurlyklaryň biridir. Polietileniň esasynda bolsa, uly isleg bildirilýän dürli turbalaryň we harytlaryň önümçiligini ýola goýmak bolýar. Iň esasy zat bolsa, bu täze gazhimiýa toplumynda dünýäniň iň kämil tehnologiýalaryna esaslanýan enjamlar oturdylar, hünärmenleriň bu kärhanada netijeli zähmet çekmekleri üçin aňrybaş şertler we mümkinçilikler dörediler.

Hawa, Gyýanly şäherçesi täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Ol hormatly Prezidentimiziň batyrgaý çözgütleri esasynda üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy senagatlaşdyrmak baradaky beýik başlangyjyň nusgalyk mekanyna öwrülýär.


Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10894 sek. ýüklenen baýt: 35886