Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklady
Ýazylan wagty: 05 декабря 2018 Ýazan Sparta
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklady
30-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylan işler barada hasabat berip, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň taýýarlanan taslamasy barada habar berdi.
Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.
Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy milletiň Lideriniň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagynyň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin binýady üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtady.
Milletiň Lideri Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere ony yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05239 sek. ýüklenen baýt: 31327