Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Şöhratly taryhyň beýany
Ýazylan wagty: 07 декабря 2018 Ýazan NEXTTM
 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda “Şöhratly taryhyň beýany” atly döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw  we orta hünär mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň döredijilik iş bilen meşgullanmaklaryny yzygiderli ösdürmegi olaryň şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty ugurlary boýunça döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaga itergi berdi.

Türkmenleriň gadymy taryhy, sungaty, baý folklory, edebiýaty barada asyrlaryň dowamynda dürli dillerde ummasyz köp taryhy ýazgylar toplanypdyr. Beýik Ýüpek ýoly arkaly grek, hytaý, arap we pars çeşmeleri halkymyzyň gadymy geçmişini öwrenmekde gymmatly maglumatlar beripdir.

Nakgaşçylyk ugrundan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Rahat Bäşimowyň “Bazar”, Şageldi Orazlyýewiň “Düşelge”, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdedebiniň talyby Tawus Garagulowanyň “Kerwen ýoly” ýaly nakgaşlyk işleri tapawutlandyryjy orunlara mynasyp boldular. Rahat Bäşimowyň “Bazar” monumental nakgaşlyk eserinde orta asyr gündogar bazarynda türkmen halysynyň nepisligini synlaýan täjirleriň keşplerinden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriniň söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge uly mümkinçiligiň bolandygyny şekillendiripdir.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Döwletgeldi Gurbanowyň “Şöhratly taryhyň beýany”, Aýna Rozygulyýewanyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň talyby Atabaý Ýagşymyradowyň “Türkmeniň şöhratly taryhy” işleri grafika sungatynyň diline mahsus bolan aýratynlyklaryna we häsiýetlerine eýe bolup, türkmen halkynyň taryhynda bolup geçen wakalaryny dürli ýordumalary arkaly beýan edýär.

Heýkel taslamalarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Merjen Işangulyýewanyň “Geçmişe uzaýan ýol”, Maksat Bazarowyň “Amul-Hazar 2018”, Ahat Mälikowyň “Ýaş çempion”  işleri  Beýik Ýüpek ýolunyň  ugrundaky kerweniň düşelgesini, 2018-nji ýylyň taryhy wakasy bolan Amul-Hazar 2018 awtoralli ýaryşyna bagyşlanan bir pursady ýa-da ýaş çempion küştçi gyzyň portreti suratlandyrýar.

 Amaly-haşam sungaty ugry boýunça gobelen, keramika, zergärçilik işleri hödürlenip, olardan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Gülşat Ýollyýewanyň “Küştçiler” gobeleni, Suraý Ýahýaýewanyň “Saýatly-Hemra dessany” güldany, Nedir Mämiýewiň “Türkmen bedewi”  zenan şaý-sepi häzirki zaman türkmen milli sungatynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şöhratly taryhyň beýany şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda mazmunynda aýdyň görkezilip, geçmişdäki we şu günki günüň taryhy wakalary ýaş suratkeşleriň çeper eserlerinde özüniň mynasyp ornuny tapýar.

Okalan sany: 890   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07686 sek. ýüklenen baýt: 32108