Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
BINAGÄRLIKDE MILLILIGIŇ ŞUGLASY
Ýazylan wagty: 11 декабря 2018 Ýazan NEXTTM
  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Aşgabat gözümiziň alnynda zamananyň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi” diýip belleýär. Bu dogrudan-da şeýle. Ýurdumyzda gurulýan binalar özüniň ýerine ýetirýän wezipesi we daşky keşbi boýunça özboluşlylyga eýe boldy. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda gurulýan binalaryň has-da millilige bürenmelidigi, türkmen milli äheňlerini özünde jemlemelidigi hakyndaky mesele ör boýuna galdy. Hut şonuň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda dekabr aýynyň 6-8-i aralygynda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň binagärlik we gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň binagärlik we gurluşygy orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň şeýle-de, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýaş arhitektorlaryň bilelikde gurnamagynda “Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly Döwlet derejesinde sergi geçirilýär.
  Bu serginiň baş maksady ýurdumyzyň ýaş arhitektorlaryny ýüze çykarmak, täze döredilýän taslamalarda ýerli binagärlik usullaryny, şeýle hem milliligi ornaşdyrmakdan ybarat.  Sergide ýüzlerçe binagärlik taslamalary ýerleşip olar esasan jemgyýetçilik jaýlary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, senagat desgalary, seýilgähler, hassahanalar, mundan başga-da binalaryň içki bezeglerini özünde jemleýär.

  Sergidäki binalaryň aglaba bölegi onuň ýerine ýetirýän wezipesi boýunça taslamalaşdyrylan. Muňa mysal edip dürli şekillere eýe bolan “Bedew” atly muzeýi bellemek bolar. Bu muzeýiň esasy böleginde merkezde bedew atynyň kelle býusty ýerleşdirilip beýleki binagärlik alamatlary döwrebap şekiller bilen bezelen. Şolar ýalyda sazçylyk mekdebi, türkmen milli konserwatoriýa binasynda türkmen milli saz gurallary bilen baglanyşykly şekiller esasy orny eýeleýär. Bilşimiz ýaly milli binagärlik alamatlary diýlende ilkinji göz öňümiz gelýän keşp elbetde mawy reňkdäki gümmezler, sütünler, zömmek arkalar, mundan başga-da türkmen haly gölleriniň şekilleri, dürli görnüşli nagyş bezegleri hem degişli. Şeýle binagärlik usullarynyň gözbaşynda hem biziň  taryhy ýadygärliklerimiz durýar.
  Taryhy ýadygärliklerimiz hakynda bellesek olaryň gaýtadan işlenen görnüşi, ýa-da kiçi göwrümli maketleri hem bu sergide öz ornuny tapýar. Elbetde ýurdumyzyň gadymy binalaryny gaýtadan işlemek üçin olaryň taryhy, şol döwrüň wakalary bilen ýaş arhitektorlar içgin tanşan bolsa gerek.

  Ýurdumyzda şeýle sergileriň yzygiderli geçirilip durmagy, ýaş aritektorlary öňe çykarmak, olaryň sungata we öz hünärine bolan söýgüsini has-da artdyrmak geljekde ýurdumyzyň binagärlik keşbiniň mundan beýläkde baýlaşmagyna uly itergi bolar. Çykyşymyň soňunda, men Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýlägem rowaç alsyn, diýip aýdasym gelýär!

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
talyby B. Hojageldiýewa
Okalan sany: 654   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10050 sek. ýüklenen baýt: 31991