Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
“Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi“ atly binagärlik döredijilik sergisi
Ýazylan wagty: 11 декабря 2018 Ýazan NEXTTM
 Şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Hormatly Prezidentimize “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisini geçirmek baradaky teklibi hödürlendi. Şol teklip esasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurnamagynda 2018-nji ýylyň 6-8-nji dekabr aralygynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisi açyldy.

 Döredijilik sergisinde ýokary Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň arhitektura kafedrasynyň mugallymy Wepa Orazberdiýew we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň orunbasary Çaryýar Ahmedow dagylar çykyş etdiler. Bu döredijilik sergisine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň, Döwlet taslama edaralarynyň taslamalary hödürlendi. Sergide ýurdumyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şol sanda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň tejribelik okuw ussahanalary, umumy ýaşaýyş jaýy we sport desgalary hem-de Türkmenistanyň ýörite çeperçilik mekdebiniň täze binasynyň, käbir ýokary okuw jaýlarynyň täze binasynyň, welaýat medeniýet öýleriniň, söwda we medeni dynç alyş merkezleriniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet döwlet muzeýiniň goşmaça binasynyň taslamalary görkezilipdir.

 Sergi şatlyk şowhunly aýdym-sazly dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu döredijilik bäsleşiginde ähmiýetli taslamalaryň biri Bedew muzeýiniň taslamasynyň dört görnüşidir. Şeýle-de Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynyň taslamalary Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary tarapyndan hödürlenildi. Döredijilik bäsleşik sergisinde Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylyna degişli hem birnäçe taryhy ýadygärliklerimiziň rejelenen görnüşleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde goýuldy.

 Şeýle sergileriň geçirilmegi ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk işlerini döwrebap alyp barmakda, çeperçilik çözgüdi boýunça gözel keşbe getirmekde esasy mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Serginiň çäklerinde has tapawutly saýlama taslamalara baýrakly orunlar, hormat hartlary bilen sylaglanyldy.

J. Toryýewa,
 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy

Okalan sany: 558   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06451 sek. ýüklenen baýt: 31508