Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Döwrümiziň guwanjy
Ýazylan wagty: 11 декабря 2018 Ýazan NEXTTM
  Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli binagärçilik ýokary ösüşlere eýe boldy. Ine, şu gün hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň geçirmeginde  “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Milli binagärligiň ösüşi”  atly döredijilik sergisi açyldy. Türkmen halkynyň milli sungaty öz köklerini taryhyň çuň gatlaryndan alyp gaýdýar. Şekillendiriş sungatynyň gazananlary hem milli miras bolup ykballaryny döredijilik bilen baglan talyp ýaşlaryň arasynda çuňňur öwrenilýär.

 Miras elmydama goralmaga, öwrenilmage we asyl gymmaty bilen geljek nesillerimize ýetirilmäge mynasypdyr. Şekillendiriş sungatynyň taryhyna ser salanymyzda, milli binagärligimiziň gadymy köklerini özünde jemleýän “Seýit-Jemal ed-Din”, “Törebeg hanymyň kümmeti”, “Tekeşiň mawzoleýi”, “Soltan Sanjaryň kümmeti” ýaly taryhy ýadygärliklerimizde ýaly  nagyşlar hazirki wagtda şekillendiriş sungatynyň beýlleki görnüşlerinde hem ulanylýar. Hazirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli binagärlik ýokary derejede ösdi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen milli äheňli binalarymyzy görkezmek bolar. 

 Bagtyýarlyk döwrümizde halka hyzmat edip ýören binalarymyzdan “Ruhyýet köşgi”, “Maslahatlar köşgi”, “Ak öý binasy”, “Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkezi”, “Milli Akbugdaý muzeýi”, görkezmek bolar. “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ýokary okuw mekdebimizde şöhratly taryhymyz, ata-babalarymyzyň meşgullanan senetleri,  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky gyzgalaňly bazarlar bilen baglanşykly taryhy eserleriň birnäçesi dünýä indi.

 Bu eserler şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde halypa mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň watan diýip urýan ýürek heňi hökmünde sungat eserlerinde öz şöhlelenmesini tapdy.  Milli sungatymyzyň ösmegi ýurdumyzyň at-abraýynyň halkara derejesinde dabaralanmagy üçin ägirt uly tagallalar edýän Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 TDÇA-nyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary”
kafedrasynyň uly mugallymy O. Utamyşewa
Okalan sany: 598   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,28924 sek. ýüklenen baýt: 31077