Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Antioksidant häsiýetli, ateroskleroza garşy täsirli iýmitlik ýaglar:
Ýazylan wagty: 08 января 2019 Ýazan Mayichka
Antioksidant häsiýetli, ateroskleroza garşy täsirli iýmitlik ýaglar: Künji, zeýtun, mekgejöwen, soýe, günebakar, palma, çasaran ýaly ösümlikleriň ýaglary hasaplanýar. Bu ösümlikler türkmen diýarymyzda we Gündogar ýurtlarynda has köp ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýaglar öz düzüminde doýgun däl ýag turşylaryny saklaýar we antioksidant, ýara bitiriji, gaýnaglama garşy täsirleri hem ýüze çykarýar. Bu ýaglar hem iýmitlik (işdä açarlara goşup), hem dermanlyk görnüşde ulanylyp bilner. Häzirki zaman işjeň adamlaryna ösýän fiziki ýükler, ýokary nerw – emosional dartgynlygy mahsus. Dynç almaga, fiziki we ruhy işjeňligiň dikeldilmegine örän az wagt galýar. Işjeňligi iň oňat dikeldiji serişdeleriň biri hökmünde rasional iýmitlenmegi goýmak bolar. Biologik ähmiýetli önümlere protein, uglewod, lipid, witamin we minerallardan başgada polikomponentli önümler - ary baly, mumiýa degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly nusgawy kitabynda ýerleşdirilen melissa oty (ýapragy – saponinleri, efir ýaglary, 150 mg. С witamini, karotini saklaýar – Awisenna ony ýüregi gurplandyrýar we berkidýär, iýmitiň siňmegine täsirli, synçgylawuga peýdaly diýip belleýär. 5 g. ýapragy 1 litr gaýnaga demlemeli. Sowadyp, süzüp, günde 200 ml-den 3 gezek içmeli.), açyk gülli sarygül (zweroboý – düzüminde efir ýagyny, kumarinleri, flawonoidleri saklaýar, 1-2 nahar çemçe otuny 200 ml gaýnaga demläp, sowadyp, süzüp 50 ml-den günde 3 gezek nahardan öň içmeli), suw kyrkboguny (gores, oty, ýapragy dermanlyk hasaplanýar, düzümi: Сwitamini, karotini, alkaloidleri we eý maddalaryny saklaýar. 1 nah. çemçe otuny 200 ml suwda 5-8 min.gaýnatmaly, süzüp 50 ml-den 3 gezek içmeli. Peşew çykaryjy, babasile garşy, süňk döwügi bitiriji häsiýetleri bar), alyç (boýarişnik, miwesi, ýapragy demleme, gaýnatma, tinktura görnüşinde içilýär) itburun (şipownik, miwesi demleme, gaýnatma, „holosas“ dermany görnüşde ulanylýar), sübseli badam (mindal, hozy dermanlykdyr, düzüminde tokoferol, linol, olein turşysy bar, demgysmada, ganöýmede, teniňi güne ýanmakdan goramak häsiýetleri bar) ýaly bedeniň immun güýjüni kada getiriji derman ösümliklerden öý şertinde taýýarlanýan derman görnüşlerini ulanmak bedeni witaminlerdir – minerallar bilen üpjün etmägede mümkinçilik berýär. Şeýlede diýarymyzda önýän gawundyr garpyz, käşirdir kelem, şugundyrdyr-turp we beýleki datly gök we miwe önümleri lukmançylyk nukdaý nazaryndan aýratyn taryplanmaga mynasypdyr.
Okalan sany: 88   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
08 января 2019

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06921 sek. ýüklenen baýt: 31488