Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dänew şäherinde täze awiabilet kassasy açyldy
Ýazylan wagty: 08 января 2019 Ýazan NEXTTM

Dänew şäherinde täze awiabilet kassasy açyldy

Dänew şäherinde täze awiabilet kassasy açyldy

Dänew etrabynyň Dänew şäherinde Altyn asyr köçesinde ýakynda Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň täze awiabilet kassasy açyldy. Şeýlelikde, bu bölüm Lebap welaýatynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilinden, welaýat merkezindäki “Lebap” söwda we dynç alyş merkezinden, Kerki şäherindäki kassadan soň, ilata awiabiletleri satýan dördünji kassa boldy.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde işläp başlan kassadan “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça amala aşyrylýan ähli ugurlara awiabilet satyn almak mümkindir. Bölümde işlejek hünärmenler Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň kassalarynda birnäçe wagtlap okuw geçdiler. Menzil tarapyndan şu ýylyň dowamynda welaýatyň beýleki etraplarynda hem şeýle kassalary açmak göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende aýtsak, ýakyn günlerde bu howa menziliniň resmi internet saýty işläp başlar.

Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07421 sek. ýüklenen baýt: 30845