Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
YLGAMAGYŇ SAGLYGA TÄSIRI
Ýazylan wagty: 09 января 2019 Ýazan Mayichka
YLGAMAGYŇ SAGLYGA TÄSIRI
“Ilatymyzyň uçdantutma ählisiniň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini men hökmany şert hasap edýärin. Raýatlarymyzyň uly-kiçi ählisiniň bedenterbiýe hereketlerine goşulmagy sagdynlygyň esasy bolup durýar”. Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow Ylgamak sportuň görnüşleriniň içinde dünýäde meşhurlyk gazanýan ugrydyr. Ylmy maglumatlara görä, adamyň saglygynyň 10 göteriminiň lukmançylyk serişdeleriniň kömegi bilen bejerilip,galan böleginiň bolsa onuň nähili durmuş keşbini alyp barýandygyna, ýaşaýyş-durmuş şertine baglydygy kesgitlendi. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti bimöçberdir.XX-asyryň ikinji ýarymynda ýol ugrunda ýa-da sport meýdançalarynda ylgap ýören adamlara käte gabat gelinýärdi (elbetde türgenler göz öňünde tutulmanda), oňa daşyndan geň galmak bilen seredilerdi. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlem şeýle ajaýyp sport binalarynda, seýilgähleriň ugrunda, mekdep stadionlarynda şu günler ir-ertirdir, giç agşam ylgaýan ýaşlara, orta we uly ýaşly adamlara gabat gelmek bolýar. Ýaş okuwçylar, talyplar, alymlar, lukmanlar, işçiler, mugallymlar, öý hojalykçylar, nepagadakylar (pensiýadakylar) ylgaýarlar. Sagalyş ylgawynyň adam agzasyna edýän oňaýly täsiri, onda bolup geçýän üýtgeşmeler, ylgaw wagty we soň öz-özüňe gözegçilik etmek, ýagny damaryň urgysy, gan basyşyň derejesi,özüňi duýuşyň arkaly bilen türgenleşik kadalary kesgitlemek, dürli ýaşdaky adamlar üçin ylgamagyň gündelik, hepdelik, aýlyk iş meýilnamalaryny işläp düzmek mümkin. “Güýçli bolasyň gelse ylga! Owadan bolaýyn diýseň ylga! Akylly bolaýyn diýseň ylga!”, bu sözler gadymy grek alymynyň aýdan sözleri. Jan saglygy ugrunda alada edýän ynsan özlüniň her bir iş gününi sagaldyş ylgawy,gimnastika bilen başlaýar.Işleriniň köp bolmagyna garamazdan günde bir, bir ýarym sagatlaryny,özleriniň saglygyny ýokary işjeňlikde saklamak üçin bedenterbiýe maşklaryna we sagaldyş ylgawyna bagyşlaýarlar. Önümçiligiň mehanizasiýalaşdyrylmagy, awtomatizasiýalaşmagy mehaniki transport serişderiniň azalmagy, oňa derek transport serişdeleriniň ummasyz köpelmegi häzirki döwürde adamlaryň öňünde uly meseleleri “gipodinamiýa”(az hereketliligi), “gipokineziýa”(hereket etmezligi) meselesini öňde goýdy. Şeýlelikde, XX asyryň ahyrynda XXI asyryň başynda ýürek bilen bagly keseller ähli kesellerden öňe geçdi.
Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06096 sek. ýüklenen baýt: 30780