Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ÖZ-ÖZÜŇE GÖZEGÇILIK ETMEK
Ýazylan wagty: 09 января 2019 Ýazan Mayichka
ÖZ-ÖZÜŇE GÖZEGÇILIK ETMEK
Ylgamaga başlaýanlaryň öz bedenindebolup geçýän üýtgeşmeleri tiz-tizden lukmanyň gözegçiliginde barladyp durmaga mümkinçilikleri bolmaýar. Şeýle ýagdaýda öz-özüňe gözegçilik etmek gaýra goýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar ilkinji günlerden “özüňe gözegçilik gündeligini” ýöretmegi maslahat berýäris. Gündeligi her gün ylgap gelenden soň dolduryp, onda ukynyň kadalylygy , turan wagtyň, rahat ýagdaýda ýürek urşynyň bir minutda urýan sany, türgenleşikde edilen işler, geçilen aralyk, ylgamakdan soňky ýürek urşynyň minutda sany, özüňi duýuşyňy, türgenleşmäge bolan islegiňi görkezmeli. Meselem: Sagat 600, ukym gowy, ýürek urşy 60,5 min ýuwaşja ylgaw, 5 min. gimnastiki maşklar, 20 min.ylgaw 3 km, ýürek urşy 120, özümi duýuşym oňat. Belli bir wagtdan soň (aýda bir gezek) gündelikde has çuň gözegçilikleri ýazmaly. Onda ýokardaky görkezjilerden başga-da bedeniň ýüki kabul edişi, gan basyşynyň möçberi gün tertibini bozmalar, agramyň baradaky görkezijiler, türgenleşige bolan höwesiň barada durup geçmeli. Gün tertibini bozmalar barada aýdylanda: spirtli içgileri içmek, çilim çekmek, kadasyz uklamak, türgenleşigi kesmek ýaly maglumatlar bellenýär. Gündelikdäki ýazgylara seredip öz saglyk ýagdaýyňy, fiziki işjeňliginiň ýokary ýa-da peselýän wagtyny bilip bolar. bedende bolup geçýän hadysalary kadalaşdyrmak üçin ýükini köpeldip ýa-da azaldyp bolar. Öz ýagdaýyňa seljeriş bereniňde-de, maşgala lukmanyna ýüz tutanyň-da gündelik ýazgylaryň ähmiýetini başga zat bilen çalşyp bolmaz .
Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05562 sek. ýüklenen baýt: 29863