Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ÿürek iş wagtynda
Ýazylan wagty: 09 января 2019 Ýazan Mayichka
ÝÜREK IŞ WAGTYNDA “Adam diňe aýaklary bilen däl-de, köp derejede özüniň ýüregi hem-de öýkeni bilen ylgaýar”- diýip belli lukman işgäri S.Iwanow belleýär. Ylgamak ýürekden başlap ýürek bilen gutarýar. Şonuň üçinem ylgamagy ýüregine düwen ýa-da ylgaýan adamlar, öz ýüreginiň gurluşy barada,işleýiş tertibi barada azda-kände maglumatlary bilse artykmaçlyk etmezmikä diýýäris. Beýleki oňyn üýtgeşmeler (gerekmejek agramyň ýeňlemegi, şähdiaçyklyk, işjeňligiň artmagy) kömekçi bolmagynda galyp ylgamaklyk ýürek-damar ulgamynyň işjeňligini artdyrýar. Fiziki türgenleşik ýüregiň bir sydyrgyn sagdyn urmagyna, bedene kislorod bilen baýlaşdyrylan gany güýçli we agramsyz üpjün etmegine täsir edýär. Ýüregiň bedende üpjün edýän gan aýlanyş işi gaty ýönekeý. A.Liderýardyň aýdyşy ýaly, “käbir jaýlaryň ýyladyş ulgamyndan çylşyrymly däl”. Ýürek beýleki bize görünýän, hem-de duýýan myşsalarymyzdan hiç bir tapawutlanmaýar. Köpler bilekleriniň, eginleriniň, aýaklarynyň myşsalaryny ulaltmak barada alada edip, ýürek myşsalarynyň gowşamalaryna üns berenoklar, sebäbi ol biziň gözümize görnenok. Bir müň alty ýüz ýyldan bäri filosoflar we alymlar adam bedeninde ýüregiň ähmiýeti barada jedel edip geldiler. Olaryň köpüsi ýürek däl-de bagyr adam bedeninde gan aýlanyşy üpjün edýärler diýen pikire uýýardylar. Olar ýürek öýkenden alan kislorodyny gana goşýar diýip pikir edýärdiler. Gan deňiz tolkunlary ýaly daşgyn we gaýtgyn bilen arteriýa we wena damarlary bilen hereket edýär diýýärdiler. Şu pikire garşy çykan orta asyr alymyny oda ýakypdyrlar. Soňra, 1600-njy ýylda iňlis alymy Ulýam Garweý ýürek nasos bolup arteriýa we damarlara gan itekläp goýberýär, wena bilen şol ganlar ýene yzyna ýürege gelýär-diýip açyş edýär. Gan öýkene baryp kislorod bilen baýlaşyp dokumalara dolanyp gelýär. Garweý ilkinji bolup gan aýlanmasynyň deňiz tolkunlarynyň hereketine hiç meňzeşliginiň ýoklugyny açdy. Onuň ýüregiň işleýşi baradaky açyşy adamzat akyl ýetirişiniň iň uly ýeňişleriniň biridir. Adam bedeninde ganyň inçejik göze görünmeýän damarjyklarynyň üsti bilen, arteriýa we wena bilen gatnaşyk saklaýandygyny ol düşündiripdir. Ol şu netijä logiki pikir etmek bilen gelip, mikroskop oýlanyp tapylmazyndan dört ýyl öň dünýäden ötdi.
Okalan sany: 48   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06469 sek. ýüklenen baýt: 30782