Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !

NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Elektron sporty federasiýasy AESF-iň agzasy boldy
Ýazylan wagty: 09 января 2019 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Elektron sporty federasiýasy AESF-iň agzasy boldy

Türkmenistanyň Elektron sporty federasiýasy AESF-iň agzasy boldy

Ýakynda Türkmenistanyň Elektron sporty boýunça milli federasiýasy (TMeSF) Aziýanyň Elektron sporty federasiýasynyň (AESF) agzalygyna kabul edildi. Şeýlelikde, yklym federasiýasynyň agzalarynyň sany indi 45-e çykdy. Olaryň arasynda elektron sporty boýunça dünýä läheňleriniň arasyna girýän Hytaý, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Gazagystan ýaly döwletler hem bar.

Bu agzalyk elektron sportunyň türkmenistanly wekilleri üçin ösüşiň möhüm ädimleriniň biridir. Çünki mundan beýläk döwrebap tehnologiýanyň we sportuň sazlaşygyndan dörän täsin görnüş bpýunça tejribesini artdyrmaga mümkinçilik alar. Iň esasy artykmaçlyk bolsa milli ýygyndymyzyň islendik derejeli yklym ýaryşlaryna gatnaşyp biljekligidir.

AESF Halkara elektron sporty assosiasiýasynyň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem abraýly agzalarynyň biridir. Esasy maksady Aziýa yklymynda elektron sporty ösdürmekden ybarat bolan federasiýa dünýä çempionatlaryna hem güýçli ýygyndylary hödürleýär.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi uly ösüşe eýe boldy. Şondan soň Türkmenistanda ýörite federasiýa döredilip, milli ýygyndymyz düzüldi. Türkmen türgenleri eýýäm halkara ýaryşlaryň birnäçesinde başarnyklaryny synagdan hem geçirip gördüler.

Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )

О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06405 sek. ýüklenen baýt: 33451