Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygynyň birinji ýarymy türkmen futbolçylarynyň üstünligi bilen tamamlandy
Ýazylan wagty: 09 января 2019 Ýazan NEXTTM

Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygynyň birinji ýarymy türkmen futbolçylarynyň üstünligi bilen tamamlandy

Aziýa kubogy ― 2019: Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygynyň birinji ýarymy türkmen futbolçylarynyň üstünligi bilen tamamlandy

Şu wagt Abu-Dabi şäherindäki «Al-Nahýan» stadionynda Aziýa kubogy ― 2019-yň «F» toparçasynyň çägindäki Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygynyň birinji ýarymy tamamlandy. Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen geçirilen duşuşykda asla aljyraman, 26-njy minutda hasaby açmagy hem başardylar.

Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen taryhda ilkinji gezek geçirýän duşuşygymyzda pökgini milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow geçirdi. Ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň özüne geçiren pökgüsini owadan urgy bilen derwezä dürs geçiren kapitan, şeýlelikde, Aziýa kubogy ― 2019-daky ilkinji golumyzyň hem awtory boldy.

Garaşylmadyk hasaplaryň çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň birinji ýarymda öňe saýlanmagy futbol hünärmenlerini haýran galdyran nobatdaky ýagdaý boldy.
Milli ýygyndymyza ikinji ýarymda hem üstünlik arzuw edýäris.

Birinji ýarymyň hasabatlary
Derwezä urgy: Türkmenistan ― 4; Ýaponiýa ― 12
Takyk urgy: Türkmenistan ― 3; Ýaponiýa ― 3
Pökgä eýeçilik etmek: Türkmenistan ― 29%; Ýaponiýa ― 71 %
Birek-birege pökgi geçirmek (pas): Türkmenistan ― 147; Ýaponiýa ― 362
Dürs pas: Türkmenistan ― 63%; Ýaponiýa ― 89 %
Oýnuň düzgünini bozmak: Türkmenistan ― 3; Ýaponiýa ― 5
Sary kart: Ýaponiýa ― 1
Gyzyl kart: ýok
Ofsaýt: Ýaponiýa ― 1
Pökgini burçdan oýna girizmek: Türkmenistan ― 2; Ýaponiýa ― 2

Pursatlary göni ýaýlymda şu salgydan görüp bilersiňiz.

Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05595 sek. ýüklenen baýt: 34277