Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi artýar
Ýazylan wagty: 10 января 2019 Ýazan NEXTTM


Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi artýar

Ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri tarapyndan bina edilen önümçilik maksatly desgalaryň ikisiniň açylyş dabaralary boldy. Şu mynasybetli dabaralara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. 

Owadan bezelen täze desgalaryň öňündäki meýdançalarda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymlardyr sazlar ýaňlandy. Dabarada işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzir ýurdumyzda giň gerimli işleriň dowam edýändigini bellediler. Bu işler ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän uludygyna, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijelidigine şaýatlyk edýär. 

Açylan täze desgalaryň hatarynda “Eşretli kenar” hususy kärhanasy bilen baglaşylan şertnama boýunça “Älemabat” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Baýramaly şäherindäki polietilen paket we polipropilen turba önümlerini öndürýän önümçilik kärhanasy hem bar. 

Kärhanada oturdylan tehnologik ulgam dürli polietilen örtüginiň 1800 tonnasyny hem-de diametri 20 — 60 millimetr bolan ýokary hilli polipropilen suw geçiriji turbalaryň 257 tonnasyny çykarmaga niýetlenendir. Önümleriň bu görnüşlerine bolan isleg dünýäde yzygiderli artýar. Geljekde kärhananyň önümlerini daşary ýurtlara ugratmak meýilleşdirilýär. 

Örtügiň ulanylýan ugurlary örän giňdir. Mysal üçin, ol gaplaýyş serişdesi hökmünde oba hojalyk önümçiliginde, dokma we azyk senagatynda ulanylýar. Polietilen berk mäkämlige eýe bolup, kislotalar, ýaglar we beýlekiler babatda himiýa taýdan durnukly bolup, tehniki, şeýle hem durmuş maksatly önümleri — örtükleri, paketleri, kommunikasiýa turbalary, elektrik kabelleriň örtügini, ýyladyşhana örtüklerini öndürmek üçin çig mal hökmünde giňden ulanylýar. 

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döwlet maksatnamasy taslamalaryň ençemesiniň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şolary durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň hususy ulgamyna möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi oba hojalygynda, gaýtadan işleýän hem-de azyk senagatynda amala aşyrylýan taslamalara uly üns berýär. Birleşme kuwwatly döwlet goldawyna daýanmak bilen, geljeginiň ululygy, bäsdeşlige ukyplylygy hem-de innowasion tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen tapawutlanýan önümçilikleri ösdürmäge ýardam edýär. 

Polipropilen öndürýän hem-de şondan içerki we daşarky bazarlar üçin dürli harytlary çykarýan önümçilikleri döretmek ýurdumyzyň nebithimiýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemekden alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen öndürýän desgalaryň gurulmagy bilen bu işiň başy başlandy. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabrynda Gyýanly şäherçesinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sebitde iri polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy — polimer zawody ulanylmaga berildi. Bu waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolup, pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek onuň möhüm ugry bolup durýar. 

Täze kärhana üçin zerur çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär. Desga gurlanda, ekologiýa howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegine uly üns berlendigini bellemek gerek. 

Şu gün ulanmaga berlen täze desgalaryň ýene-de biri — Mary etrabynda gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanadyr. Desga import we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guruldy. 

Häzir Türkmenistanyň ähli sebitlerinde tutuş ýylyň dowamynda ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň ilatyny gök we bakja önümleri bilen üpjün etmäge ukyply ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin işewürlik taslamalaryny çalt we ýokary hilli amala aşyrmagyň möhümdigine düşünýän ýerli telekeçiler döwletimiziň berýän goldawyndan ruhlanyp, şeýle desgalary höwes bilen gurýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Sada türkmen” hususy kärhanasy bu taslamanyň buýrujysy hem-de potratçysy bolup çykyş etdi. 

Ýyladyşhana 8 gektara deň bolup, sarp edijilere her ýylda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň 500 tonnasyny ugratmaga niýetlenendir. Ýyladyşhanada ýokary ýylylyk saklaýjy aýratynlyklaryna hem-de uzak möhletleýin ulanyş häsiýetine eýe bolan serişdeler ulanyldy. Döwrebap hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen desgada belli bir ýylylyk we ýagtylyk düzgüni, çyglylyk hem-de topragy ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmak işleriniň berjaý edilmegi göz öňünde tutuldy. Ulgamlaryň işleri kompýuterleşdirildi. 

Toplumyň çäginde balarylarynyň saklanýan ýeriniň bolmagy toplumyň aýratynlygydyr. Balarylary oba hojalyk ekinleriniň tozanlandyrylmagy üçin ulanylar. Bu bolsa ekologiýa nukdaýnazaryndan örän möhümdir. Mundan başga-da, şeýle çemeleşme hasyllylygy birnäçe esse artdyryp, ýokary ykdysady netijäni: girdejililigi, özüni çalt ödeýjiligi hem-de düşewüntliligi üpjün eder. 

Ekologiýa taýdan arassa, ýokumly önümleriň öndürilişini artdyrmak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän özgertmeleriniň baş durmuş wezipesidir hem-de ol obasenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletimiz bu pudagy goldamak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini çaltlandyrmak, ekerançylygyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gök önümleriň artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmak üçin şertleri döredýär.

Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07034 sek. ýüklenen baýt: 38524