Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
güýçli, deňagramly, çalt
Ýazylan wagty: 10 января 2019 Ýazan Mayichka
Gadymy hytaý akyldary Sýunszynyň düşündirişine görä, “Däp-dessurlara baglylykda asman bilen yer ylalaşyga gelýär, Gün bilen Aý ýagty şöhle saçýar, ýylyň dört pasly biri-biriniň yzyndan gelýär, ýyldyzlar we älem hereketlenýär, derýalaryň suwy akýar we ähli zatlar gülleýär. Däp-dessurlar netijesinde söýgi we ýigrenç dogry ýola gönügýär, aşaky gatlakdakylar gulak assalar, ýokarkylar dana görünýärler we ähli zatlaryň üýtgemegi tertibe öwrülýär. Däp-dessurlardan daşlaşmak ölüme getiýär”. Häzirki zaman etiket (has takygy, umumy etiket) mähirli islegler bu islegleriň gönükdirilmegi bilen onuň üstünliklerine begenmäge taýýarlyk görnüşinde ýüze çykýar. Şeýle köne däp-dessurlaryň görnüşlerinden has soňrak medeni däp-dessurlaryň üç görnüşi: dini medeniýet, jemgyýetçilik däp-dessurlary we etiket kemala gelýär. Dini medeniýet ruh, hudaý görnüşindäki gatnaşyklar üçin hyzmat edipdir: aýat-töwir, çokunmak, uýmak, isleg-arzuw we ş.m. Jemgyýetçilik däp-dessurlar (kanunlaryň kabul edilmegi, ýadygärlikleriň, sergileriň açylmagy, dabaraly gül goýuşlyklar, toý dabaralary, ýas dessurlary) dürli ähmiýetli jemgyýetçilik hadysalaryny ýüze çykarmak üçin ulanylypdyr. Etiket bolsa biri-birine näderejede ähmiýet berýändigi esasynda adamlaryň arasyndaky gatnaşygy üpjün edýär. Bu synpy jemgyýetde resmileşdirilýär we hususy häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetiň gatlagynyň üýtgemegi bilen etiket hem güýçli depginde ösýär we çylşyrymly däp-dessura eýe bolýar. Etiketiň kemala gelmegi her bir erkin adamyň özbaşdaklykdan ähmiýetli, ýönekeýden has peýdaly aň-düşünjäniň döremegine sebäp bolupdyr. Gadymy hytaý syýasatçysy we filosofy Guan Çžun “Halk – hökümdara gulluk etmek üçin, güýç – akyla hyzmat etmek üçin, beden – pikire gulluk etmek üçin ýaradylandyr” diýip, belläp geçýär.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11881 sek. ýüklenen baýt: 30155