Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Adamlaryň mertebesi goralmalydyr we goldanylmalydyr
Ýazylan wagty: 10 января 2019 Ýazan Mayichka
Adamyň ýönekeý zada öwrülmezligi üçin bildirilýän talaplar etikete ahlak manyny beripdir. Etiketi jemgyýetiň gatlaklara bölünmeginiň serişdesi hökmünde ulanmak üçin her bir gatlagyň daşky tapawutlanan alamatlary bolmalydyr. Beýle alamatlara peýdalanylýan baýlyklar (köşkler, hyzmatkärleriň mukdary, ýeriniň giňişligi, egin-eşiginiň göze gelimliligi), şeýle-de döwlet häkimýeti tarapyndan tassyklanan we dakylan aýratyn nyşanlar (çinler, gulluk derejeleri, tugralar, ordenler, geýimleriň görkezilen görnüşleri we reňkleri) degişlidir. Bu zatlaryň ählisi – hormatly nyşanlar adamyň jemgyýetçilik agramyna şaýatlyk edýär we oňa laýyk derejede hormat goýmaga borçlandyrýar (sportda ol çykyş edýän klubunyň, toparynyň, assosiasiýasynyň, federasiýasynyň we ş.m. nyşanlary). Etiket – bu baýlykdyr we ony alyş-çalşyň görnüşi hökmünde başarnykly peýdalanmak gerek. Kimde oňat gylyk-häsiýet bar bolsa, kim şu babatda köpleriň ünsüni özüne çekip bilýän bolsa, ol öz abraýyny has-da beýgeldýär. Adamyň gymmaty onuň bahasydyr. Etiketiň täjirçilikde-de ähmiýeti uludyr: ünsi çekijilik, mylaýym ýylgyryşlar, mähirli hyzmatýar, mahabatlar we ş.m. Döwlet tarapyndan önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ylmyň we sungatyň zehinli wekillerine, syýasy işgärlerine, uruş gahrymanlaryna, çempionlara we ş.m. hormat goýmak hem etiketiň bir görnüşidir. Hormatyň görnüşleri: mähirli gutlaglar, jemgyýetiň öňündäki hyzmatyny beýan etmek, portretlerini neşir etmek, ýadygärlik dikeltmek, sylaglanylýandygyny habar bermek, hormatly atlary dakmak we ş.m. Adamlaryň mertebesi goralmalydyr we goldanylmalydyr. Her günki gatnaşygyň etiketi hem şuňa gulluk edýär. Etiket adamyň tertipliligini, edebini we ahlagyny görkezýär.
Okalan sany: 67   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05587 sek. ýüklenen baýt: 30248