Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
HALK PEDAGOGIKASYNDA ETIKI WE ESTETIKI TERBIÝÄNIŇ MAZMUNY WE SERIŞDELERI
Ýazylan wagty: 10 января 2019 Ýazan Mayichka
Halk pedagogikasy bilim, tälim bermek, edep öwretmek babatynda halk köpçüligi tarapyndan asyrlarboýy döredilen düzgünler, serişdeler, olaryň görnüşleri, amal etmegiň usullary bilen iş salyşýar. Halk pedagogikasy ýaş nesli etika we estetika terbiýesi bilen terbiýelemekde olara özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamakda türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesinde kem-kemden emele gelen we ulanylýan etiki däpleriniň we pedagogiki pikirleriniň jemidir. Sportda hem edil ynsan durmuşynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, ol ýa-da beýleki hadysalar ahlaklylyk, akyl, beden terbiýesiniň serişdeleridir. Uly ýaşlylaryň göreldesi. Türkmen tebigaty. Halk döredijiligi: hüwdüler, ertekiler, matallar, nakyllar, atalar sözi, aýdymlar, dessanlar, şadessanlar. Oýunlar: dürli hereketli we ş.m. Estetiki baha beýlekilerden tapawutlylykda sportda, ilkinji nobatda zadyň göze gelimliligine berilýär. Estetiki bahanyň kämilleşmegine iňňän gowy alnan beden terbiýesi täsir edip biler. Estetiki taýdan baha berlende, däp bolşy ýaly, türgeniň hereketine, onuň göwresiniň gurluşyna, daş-töweregiň gurşawyna ilkinji nobatda üns berilýär, olaryň biri-birine bolan gatnaşygy göz öňüne tutulýar. Olaryň biri-biri bilen sazlaşygy hem hökmanydyr. Sport görnüşlerinde özüne mahsus bolmadyk hereketler edilse, estetiki däl hasaplanylýar. Mysal üçin, agyr atletikaça – agraslyk, dähedem-dessem ýöriş häsiýetli, gimnastikaça – eginleriň hem-de elleriň giňişleýin muskullary, suwda ýüzüjä mylaýym myşsalar mahsus, basketbolça uzyn boý mahsus we ş.m. Owadan herekete gözüň düşenden dessine oňa guwanylýar we gowy duýgular başdan geçirilýär. Tagaşyksyz hereket adam aňyna ters täsir edýär. Türgeniň hereket ulgamy, edil ýerlikli inžener binasy ýaly, öz maksatlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Onuň ähli alamatlary bir maksada, umumy wezipä birleşýär, hyzmat edýär, tabyn bolýar. Sport görnüşleri tehnikasy boýunça hemişelik ýerine ýetirilýän hem-de üýtgäp durýan şertlerde diýlen iki görnüşe bölünýär. Birinji topara girýänlere: gimnastika, akrobatika, suwa bökmek, figuralaýyn typmak we ş.m. görnüşiniň hemişelilikligi we hereketleriniň häsiýetine baglylykda; agyr atletika, zyňmak, bökmek hemişelik dinamikasy bilen tapawutlanýar. Ikinji topara girýän sport görnüşleri many taýdan hemişelikligi bilen kesgitlenilýär. Bulara başa-baş söweş, oýunlar, atçylyk we ýelkenli sport, dag lyžasy we ş.m. degişli. Birinjide hereket endikleriniň kadalaşygy, ikinjide bolsa onuň özgerijilik häsiýetleri mahsusdyr.
Okalan sany: 82   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05519 sek. ýüklenen baýt: 31161