Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Edepli, tertipli,medeniýetli
Ýazylan wagty: 10 января 2019 Ýazan Mayichka
Ynsan ýaşaýşynyň dowamynda adamynyň ömür manysy açylýar. Ony ynsana mahsus sypatlar bilen bezemek jemgyýetde özüni alyp barmagyň baş ýörelgesidir. Özüni alyp barmakda jogapkärçiligi duýmak, dogruçyl bolmak, oňat adamlardan görelde almak esasy zatdyr. Gözel ahlagy, ajaýyp edepleri özleşdirmeli we gam-gussa çekýänlere teselli bermeli, tebigaty gorap saklamaga gatnaşmaly. Ylma-bilime, sungata, milli medeniýete sarpa goýmaly. Köpçülik bilen pikirdeş bolmak, kişiniň kemçiligini özi ýokka gürrüň etmezlik - edeplilikdir. Özüni alyp barmakda saklanmaly amallar: köpçülik ýerlerinde, adamlaryň arasynda bozgaklyk edip, goh-galmagal turuzmaklyk biedeplilikdir. Bitiren hyzmatlaryňy eden ýagşylygyňy dile almaklyk, kişini aldap, ýoldan çykarmaklyk, özünde ýok sypatlar boýunça öwünmeklik halanylmaýan häsiýetlerdendir. Utanç-haýalylyk adamy bezeýär. Edep diýen söz utanç-haýa diýmegi aňladýar. Jemgyýetiň agzalary tarapyndan oňat diýlip ykrar edilen edep kadalarynyň dogry berjaý edilmegi utanç-haýalylygyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanylýar. Pespälilik - bu söz kiçigöwünliligi aňladýar. Kiçigöwünli bolmak hemmelere başardyp durmaýar. Beýleki adamlardan özüni akylly, hemme zady oňat bilýän hasaplamak zyýanlydyr. Edep terbiýesi – bu berk ahlak garaýşynyň, adamkärçilik duýgularynyň, özüni alyp barmagyň täzeliklerini döretmek prosesidir. Sportçularyň adamkärçilik terbiýesi umumy terbiýäniň esaslaryna eýerýär. Adam jemgyýetde ýaşaýar. Jemgyýetde kabul edilen umumy ahlak – edep kadalaryna uýmaly. Jemgyýetiň ýaşaýyş taglymatlaryna ymtylmaly. Jemgyýetçilik gurluşyny rowaçlandyrmaga gulluk edýän adamlaryň köpçüligi, özara hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege kömek bermek hem asylly gatnaşyklardyr. Talyp ýaşlaryň jemgyýetde özlerini nähili alyp barmalydyny kesgitleýän düzgünler jemgyýet tarapyndan öwrenilýär. Jemgyýetiň şol düzgünlere boýun bolýandygyna tertiplilik diýilýär. Biziň kanunyň öňünde her birimize hiç hili artykmaçlyklarymyzyň berilmezligi hem edepliligiň talaplarydyr. Edepli, tertipli adam medeniýetli hem bolýar.
Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07068 sek. ýüklenen baýt: 30391