Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
2018-nji ýylyň iň gowy taekwondo (ITF) tälimçilerine we türgenlerine baýraklar gowşuryldy
Ýazylan wagty: 11 января 2019 Ýazan NEXTTM

2018-nji ýylyň iň gowy taekwondo (ITF) tälimçilerine we türgenlerine baýraklar gowşuryldy

2018-nji ýylyň iň gowy taekwondo (ITF) tälimçilerine we türgenlerine baýraklar gowşuryldy

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäherindäki işewürlik merkezinde taekwondonyň ITF görnüşi boýunça 2018-nji ýylda iň gowy netijeleri gazanan tälimçilere we türgenlere ýörite baýraklar gowşuryldy. Dabaraly maslahatda 2019-njy ýyldaky halkara ýaryşlar barada hem habar berildi. Geçen ýyl Nepalda geçirilen Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş eden türkmen taekwondoçylaryna bu ýyl Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty garaşýar.

«Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylynyň bosagasynda türkmen taekwondoçylarynyň Hindistanda geçirilen halkara ýaryşda hem üstünlikli çykyş edendigini ýatlamak gerek. Şol ýaryşda biziň türgenlerimiziň gazanan 16 medalynyň 10-sy altyn medaldy.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen dabarada taekwondonyň ITF görnüşi boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden türgenlerimiz Gaýgysyz Atabaýew, Annamyrat Goşanyýazow, Orazmyrat Çaryýew, Serdar Hydyrow, Goşanyýaz Durdyýew, Mähri Agaýewa, Ejebaý Hojaamanowa dagylara baýraklar gowşuryldy.

Türkmenistanyň taekwondo (ITF) federasiýasynyň wise-prezidenti Meretdurdy Rozyýewiň gürrüň bermegine görä, şu ýyl biziň türgenlerimize dünýä çempionatyndan başga-da, Germaniýada, Özbegistanda we Gazagystanda geçiriljek halkara ýaryşlar garaşýar.

Okalan sany: 82   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06819 sek. ýüklenen baýt: 32264