Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň halkara howa ugurlarynyň sany artýar
Ýazylan wagty: 12 августа 2013 Ýazan Krassavchik
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tertipnamasynda täze halkara ugry döredi. Şu gün Aşgabat bilen Lwow (Ukraina) şäheriniň arasynda yzygiderli howa ugry açyldy. “Boing-737NG” amatly uçary iki şäheriň arasynda hepdede bir gezek yzygiderli gatnawy amala aşyrar. 

Täze ugruň açylmagy diňe bir Türkmenistanyň we Ukrainanyň ilatynyň dostlukly ýurtlaryň syýahatçylyk zolaklaryna gitmek mümkinçiliklerini artdyrmak bilen çäklenmän, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlardaky türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň işjeňleşdirmegine ýardam berer. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, täze ugur boýunça petekleriň 129-sy satyldy. Munuň özi täze ugra bolan islegiň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugur boýunça gatnaýan ýolagçylaryň köpüsi Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlar, telekeçiler bolmak bilen, olaryň arasynda syýahatçylyk ugry boýunça gyzyklanýanlar we tomusky dynç alyş möwsümine çykanlar hem bar. Täze ugra birnäçe syýahatçylyk firmalarynyň gyzyklanma bildirip başlandyklaryny bellemeli. Geljekde bu ugur boýunça gatnawyň hepdede iki gezek amala aşyrylmagy hem mümkin. 

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda 2008-nji ýyldan bäri Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine hepdede üç gezek uçar gatnawy ýerine ýetirilýär. Dostlukly ýurduň dürli şäherlerinde bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlar tomusky dynç alyş döwründe, ýagny 2013-nji ýylyň 15-nji awgustyndan 20-nji sentýabryna çenli ýene-de goşmaça howa ugurlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. 

Kiýew we Lwow şäherlerine uçýan ýolagçylar Aşgabada gaýdanlarynda bu ýurduň ähli şäherlerinden şol peteklerini çalyşman, yzyna dolanyp bilýändikleri bu ugruň artykmaçlygydyr. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Ukrainanyň bu şäherlerine guraýan ugurlary, Pekin (HHR), Deli (Hindistan Respublikasy) we Bangkok (Tailand Patyşalygy) şäherlerine guraýan ugurlary boýunça gabat geleniňde Ukrainanyň raýatlaryna bu döwletlere üstaşyr uçuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 

Aşgabat-Lwow ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň şu ýylyň fewralynda Türkmenistana bolan döwlet sapary mahalynda kuwwatly itergä eýe bolan Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrundaky nobatdaky ädimdir. Mälim bolşy ýaly, şol wagt iki döwletleriň Baştutanlary Lebap welaýatynda birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryna, şol sanda Türkmenabat şäherinde täze howa menziliniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdylar. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň hataryna goşulmak bilen, ýokary depginlerde ösdürilýär. “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň howa ulaglary gullugynyň işgärleri ýolagçy we ýük gatnatmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberleri we onuň ösüş depgini ýyl-ýyldan ýokarlanýar. 

Munuň özi kanuna laýyk ýagdaýdyr, çünki, ýurdumyzyň raýat awiasiýasyna milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynda möhüm orun degişlidir. Howa ulaglary boýunça dünýä hyzmatlary bazaryna işjeň goşulyşmak bilen Bitarap Türkmenistanyň howa ulaglary ulgamy daşary ýurtlarda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny işjeň wagyz edijiler bolup durýarlar. 

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa etmegiň, döwletimiziň yzygiderli ösüşiniň möhüm ugry bolan häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegi ýokarda agzalan maksatnamanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berýär. Bu ýerde gürrüň täze howa menziliniň, terminalynyň, inžener-tehniki maksatly desgalaryň gurluşygy hakynda bolşy ýaly, ozal hereket edýänleri döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ulag ugurlarynyň sanynyň artmagyny şertlendirýän täze tehnikalary satyn almak bilen baglanyşykly meseleler barada barýar. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň raýat howa flotunyň tehniki parkyna dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman tehnikalarynyň onlarçasy gelip gowuşdy. Diňe şu ýylyň maý we iýun aýlarynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna “Boeing 737-800” kysymly täze uçarlaryň ikisi gelip gowuşdy. 

Türkmenistan BMG-niň raýat awiasiýasy bilen baglanyşykly ähli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy bolup durýan ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu iri gurama howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we netijelliligini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli halkara kadalaryny ýola goýýar. Hut IKAO bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynyň halkara awia gatnawlar ulgamyna üstünlikli goşulmagyny şertlendirýär. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň halkara howa ulaglary assosiasiýasyna (IATA) girmegi boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. 

Şunuň ýaly çäreler, şeýle hem täze meýilleşdirilýän awia ugurlary diňe bir bu ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak babatda islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” , giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän işewürler üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen, söwda-ykdysady, gumanitar we syýahatçylyk ugurlaryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň durmuşa geçirilmegine, biziň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna mynasyp goşant bolar.

Okalan sany: 352   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
14 августа 2013

Köpler begenerler diýseň gowy uçar ýolyna


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05492 sek. ýüklenen baýt: 39779