Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hökman okaň
Ýazylan wagty: 14 августа 2013 Ýazan Sasoltan

Ýapyk sport desgalaryndaky we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny guramagyň Aşgabada ynanylmagy türkmen paýtagtynyň dünýäniň iri sport merkezleriniň birine öwrülýändigine bolan ynamyňy artdyrýar. 2005-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän Ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynyň türkmen topragyna hem gonak boljakdygy sportuň muşdaklarynyň şatlygyna şatlyk goşdy.  Ilkinji gezek Bangkokda guralan bu oýunlaryň estafetasyny soň Makao bilen Hanoý şäherleri alyp “göteripdirler”. 2013-nji ýylda bolsa ilkinji gezek Ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlary bilen Söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bilelikde geçirildi. Ony Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäheri kabul etdi. Gözbaşyny Bangkokdan alyp gelýän yklymyň sport baýramçylygyny guramak indi  türkmen paýtagtynyň paýyna düşer. Bu waka agza okyjylarymyzyň ady agzalan bäsleşige bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.  Şonuň üçinem, olary gyzyklandyraýjak sowallara jogap bermegi makul bildik.


 


-Ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynyň tomusky we gyşky Aziýa oýunlaryndan nähili tapawudy bar?


-Tomusky we gyşky Aziýa oýunlary esasan sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça geçirilýär. Olaryň programmasyna sportuň olimpiýa däl görnüşleri köplenç görkezme çykyşlar hökmünde girizilýär. Ýapyk  sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynda bolsa sportuň olimpiýa däl görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär. Olaryň arasynda geljekde „olimpiýa maşgalasyna“ goşulmaga mynasyp görnüşleriňem az däldigini bellemek gerek.


 


-Gündogaryň başa-baş göreş sungatlary boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhy barada näme aýdyp bolar?


-Gündogaryň başa-baş göreş sungatlary boýunça Aziýa oýunlary ilkinji gezek 2009-njy ýylda Taýlandyň paýtagty Bangkokda geçirilipdir. Ol awgust aýynyň 1-den 9-y aralygynda dowam edipdir. Şol ýaryşda komandalyk birinji orny  54 sany (21 altyn, 17 kümüş, 16 bürünç) medal bilen Taýlandyň ýygyndysy eýeläpdir. 2-nji orny eýelän Gazagystanyň ýygyndysy 34 (15-7-12)  medal gazanan bolsa, 3-4-nji orunlary paýlaşan Koreýa Respublikasy bilen Hytaýyň ýygyndylarynyň hersi 19 medal bilen ýaryşy tamamlapdyr. Türkmenistanyň ýygyndysy şol ýaryşda 4 sany medal (1-1-2) gazanyp, ilkinji 20 ýygyndynyň hataryna giripdir. 


 


-Ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynda haýsy ýygyndylar has şowly çykyş edýärler?


-2005-nji ýylda Bangkokda guralan I oýunlarda  ilkinji 3 orny degişlilikde  Hytaýyň, Gazagystanyň we Taýlandyň ýygyndylary eýeläpdirler. 2007-nji ýylda Makaoda guralan II oýunlarda öňdeligi eýelän Hytaýyň yzýanyndaky basgançaklara Taýlandyň we Gonkongyň ýygyndylary düşüpdirler. 2009-njy ýylda Hanoýda guralan oýunlarda-da hytaýlylara taý tapylmandyr. Bu sapar 2-nji orny ýer eýesi hökmünde çykyş eden Wýetnamyň ýygyndysy  eýelese, gazagystanly türgenler 3-nji orna mynasyp bolupdyrlar.


 


-Ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynyň we başa-baş göreş sungatlary boýunça Aziýa oýunlarynyň birikdirlmegine näme sebäp bolupdyr?


-Aziýanyň Olimpiýa  Geňeşi (AOG) yklymyň çägindäki köpsanly sport bäsleşiklerini guramaga ummasyz köpserişde sarp edilýändigi üçin täze üýtgeşmeler girizipdir. Olar hem-ä çykdajyaryň möçberini belli birderejede azaltmak üçin, hem-de şol ýaryşlaryň meýilnamadan düşürilmezligini gazanmak üçin  iki uly ýaryşy birikdirmegi maksadalaýyk hasaplapdyrlar. Şeýlelikde,  2013-nji ýyldan başlap  başa-baş göreş sungatlary bilen ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlaryny bilelikde geçirmegi karar edipdirler. Şol ýylda bu oýunlary guramak Kataryň paýtagty Dohanyň paýyna düşdi. 2017-nji ýylda bolsa Aşgabatdaky oýunlarda hem şol däp dowam etdiriler. Şeýle-de, ozal her 2 ýyldan bir sapar geçirmek bellenilen ýaryşlary indi her 4 ýyldan bir gezek guramak baradaky karar hem AOG-yň maslahatynda goldaw tapypdyr. Şeýle ýaryşlaryň hataryna ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynyň, Aziýanyň kenarýaka oýunlarynyň girýändigini ýatladýarys.


 


-Ýapyk  sport desgalaryndaky Aziýa oýunlarynda sportuň haýsy görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirilýär?


-Bu oýunlarda sportuň olimpiýä däl görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Şeýle-de, bäsleşikleri guraýan döwlete 2 sany görnüşi goşmaga ygtyýar berilýär.  Şonuň üçin mundan ozalky ýyllarda wowinam (wo-söweş sungaty, winam-Wýetnam sözüniň gysgaldylan görnüşi), petank, şiriň we aždarhanyň tansy, kabbadi, guşak göreşi, hytaý küşti ýaly görnüşler boýunça bäsleşikler guralypdyr. Giňden mälim bolan görnüşlerden gysga aralyga ýüzmek, gysga aralyga ylgamak, küşt, bouling, bilýard, ýaýdan ok atmak, futzal, aerobika boýunça ýaryşlaryň geçirilendigini aýtmak bolar.


 


-Aziýa oýunlarynyň döreýiş taryhy barada nähili maglumatlar bar?


-1948-nji ýylda Londonda guralan XIV tomusky Olimpiadada  Hindistanyň olimpiýa komiteti Aziýa döwletleriniň wekillerine Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky teklip bilen ýüz tutupdyr. Bu teklip goldaw tapyp, Aziýanyň atletiki federasiýasy döredilipdir. 1949-njy ýylyň fewralynda bolsa Aziýa oýunlarynyň federasuiýasy esalandyrylypdyr. Şondan 2 ýyl soň geçirmek bellenilen ilkinji Aziýa oýunlaryny kabul etmek Hindistanyň paýtagty Deli şäherine ynanylypdyr.


 


-Türkmen türgenleri haçan ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşdylar?


-Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji gezek aýratyn ýygyndy hökmünde 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilen oýunlarda çykyş etdi. Şondan bäri hem ildeşlerimiz her 4 ýyldan bir sapar guralýan tomusky Aziaýa oýunlaryna yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Türkmen türgenlerimiz Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda diýseň üstünlikli çykyş edip ýurdumuzda sportuň näderejede ösýändigini ýene bir gezek görkezdiler.


 


-Aziýa yklymynyň iň wekilçilikli ýaryşy hasaplanýan Aziýa oýunlary  şol bir şäherde biränäçe gezek geçirilip bilinýärmi?


-Bu babatda hiç hili çäk goýulmaýandygyna oýunlaryň taryhyna nazar aýlanyňda göz ýetirmek bolýar. Şu çaka çenli Deli şäheri 2 sapar (1951, 1982) Aziýa oýunlarynyň paýtagty bolupdyr. Tailandyň paýtagty Bangkok şäheri 4 sapar (1966, 1970, 1978, 1998) Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alnypdyr. Şeýle-de, Manila (Fillipinler, 1954), Tokio (Ýaponiýa, 1958), Jakarta (Indoneziýa, 1962), Tähran (Eýran, 1974), Pekin (Hytaý, 1990), Hirosima (Ýaponiýa, 1994), Seul, Pusan (ikisem Koreýa Respublikasy, 1996, 2002), Doha (Katar, 2006) şäherlerinde Aziýa oýunlary guralypdyr.


 


-Aziýa oýunlary näçe günläp dowam edýär?


-Aziýanyň olimpiýa geňeşi oýunlaryň geçiş tertibini kesgitlän mahaly bu barada anyk sanlary görkezipdir. Olaryň  gelen netijesine görä, Aziýa oýunlarynyň geçirilýän möhletiniň 12 günden az, 16 günden köp bolmaly däldigini ýatladýarys.


 


-Aziýa yklymynda başga nähili ýaryşlar geçirilýär?


-Tomusky we gyşky Aziýa oýunlaryndan başga-da birnäçe däbe öwrülen ýaryşlaryň bardygyny aýtmalydyrys. 2005-nji ýyldan bäri ýapyk sport desgalaryndaky Aziýa oýunlary geçirilýär. Aziýanyň çäginde kenarýaka oýunlaryny geçirmek 2008-nji ýylda ýola goýlupdyr. Mundan başga-da, 2009-njy ýylda ilkinji gezek başa-baş göreş sungaty boýunça bäsleşikler guralypdyr. Singapur bolsa 2009-njy ýylda ýaşlaryň arasyndaky I Aziýa oýunlarynyň, 2010-njy ýylda hem ýetginjekleriň arasyndaky I bütindünpä olimpiýa oýunlarynyň guramaçysy bolup çykjyş etdi. Şeýle-de, Aziýa yklymynyň her bir sebitinde sebitleýin ýaryşlaryň geçirilýändigini ýatladýarys.


 


 


Okalan sany: 570   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
14 августа 2013

Gyzykly temadyr görseňiz


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08892 sek. ýüklenen baýt: 64757