Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen kenarynda Hazar deňziniň güni bellenip geçildi
Ýazylan wagty: 15 августа 2013 Ýazan Krassavchik
Şu gün Awazanyň ajaýyp deňiz ýakasynda şanly sene—Hazar deňziniň güni dabaraly bellenip geçildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awgustyň başynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu çäre türkmen döwleti tarapyndan uzak möhletli geljege niýetlenilip alnyp barylýan ekologik syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz edilmegine, şeýle hem Hazar deňziniň gurşawynyň ekologiki howpsuzlygyny gorap saklamagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça bu çäre Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi we Daşary işler ministrlgi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy, Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan guraldy. Onuň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, medeni çäreler we çagalaryň çeken suratlarynyň bäsleşigi geçirildi. 

Mälim bolşy ýaly, tebigatyň bu täsin aýratynlygy—Hazar umman häsiýetli gelip çykyşly, dünýäde iň iri içki suw giňişligi bolup durýar. Onuň hanasynyň meýdany millionlarça inedördül metr bilen ölçelýär. Bu bolsa Ýewropanyň bütin çäkleriniň üçden bir bölegine deňdir. Deňizleriň arasynda —bu, hakykatda, gadymy döwürlerden bäri saklanyp gelýän, bütin adamzadyň gymmatlygy, haýran galdyrýan gözelligi we tebigy künjekleriň köpdürlüligi bolan baý haýwanat we ösümlik dünýäsidir. Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň 500-den we haýwanlaryň 850-den gowragy, şol sanda seýrek we diňe belli bir ýerde ýaýran görnüşleri deňiz çuňluklarynda we kenar ýakalarynda mesgen tutýarlar. Hut şu ýerde bekre balyklarynyň... dünýä gorunyň agramly bölegi jemlenendir. 

Baýramçylyk çärelerini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen ylmy-amaly maslahat açdy. Golaýda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň iň döwrebap, täze sagaldyş binasynyň mejlisler zalyna ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň, gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Myhmanlaryň sanawynda Aşgabatda resmi taýdan bellenen Hazarýaka döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), UNISEF-niň, ÝHHG –niň, Bütindünýä bankynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary bar. 

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenip geçilişi ýaly, tebigat hakyndaky alada häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan hem dünýäniň häzirki we geljekki nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine düýpli ekologik meseleleriniň netijeli çözülmegi ugrunda birnäçe başlangyçlar bilen çykyş edýär. BMG-niň dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm ylalaşyklaryna, şol sanda Biologik köpdürlülik baradaky konwensiýa, suw-batgalyk baradaky Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa goşulmak bilen, biziň ýurdumyz halkara tebigaty goraýyş hyzmatdaşlygyna örän işjeň gatnaşýar. Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny, baý tebigy köpdürlüligini goramak şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan möhüm ugurlarydyr . 

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hazar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna, şol sanda Hazaryň ekologik sebit maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyna syn hödürlendi. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça çagyrylan Hazar ekologik forumy netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek üçin hakyky meýdança, diňe bir ýurduň çäklerinde däl, eýsem, Hazar deňziniň giňişliginde daşky gurşawy goramakda sebit we ondan has giň gerim nukdaýnazaryndan ekologiýa howpsuzlygynyň mäkäm hem-de köptaraplaýyn esaslaryny döretmek ýolunda täze möhüm ädime öwrülendigi bellenildi. 

Gyzyklanma bildirilip geçen pikir alyşmalaryň barşynda goraghana zolagyny we Hazaryň tebigy baýlyklaryny goramak, onuň suwlarynyň arassalygyny üpjün etmek ulgamynda hazarýaka ýurtlaryň özara hereketleriniň we hyzmatdaşlygyň geljeginiň dürli ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyna garaldy. 

Bu ulgamda biziň ýurdumyzda örän uly oňyn tejribe toplandy. Hazaryň türkmen kenar ýakasynda ýerleşen Hazar döwlet tebigy goraghanasy täsin tebigy toplum bolup durýar. Haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýüzlerçe görnüşleri özge ýerde duşmaýar we Ýer ýüzüniň biologik köpdürlüliginiň gymmatly hazynasy bolup durýar. Goraghana degişli ýerleriň üstünde göçüp gidýän guşlaryň Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika uçuş ugurlary birleşýär, deňiz aýlaglary we ýaramly suw-batgalyklar bolsa millionlarça guşlaryň – gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýeri bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem olar halkara ähmiýetli peýdalanyş derejesi bilen Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Bu ýerde üstünlikli amala aşyrylan tebigaty goraýyş çäreleriniň hatarynda deňiz giňişliginde oturymlaşan jandary – Hazar týulenini goramak boýunça taslama bar. 

Forumda deňiz balyklarynyň, şol sanda bekre balyklarynyň köpeldilmegine, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň çäklerinde balyk senagatynyň işini dolandyrmagyň oňyn tejribesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda bu ýerde gözegçilik edilýän balyklaryň baý köpdürlüligini, şeýle hem Hazar goraghanasynyň haýwanat dünýäsiniň ajaýyp görnüşlerini belläp geçmek ýerliklidir. Olar “Hasyl” myhmanhanasynyň eýwanynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Hazar goraghanasy we Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan taýýarlanan sergide görkezildi. 

Hazaryň kenarynda dünýä derejeli sagaldyş ulgamynyň döredilmegine degişli deňi-taýy bolmadyk ekologik taslama – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy maslahata gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Täze döwrebap we “ýaşyl” tehnologiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly maksadyň amala aşyrylmagynyň möhüm şertine öwrüldi. “Janly umman we kenar zolagy: baý serişdeleriň netijeli ulanylmagy we durnukly ösüş” şygary astynda Koreýanyň Ýesu şäherinde geçirilen “EXPO-2012” Bütindünýä sergisine gatnaşan, biziň ýurdumyz iri durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmäge, hususan-da, Awaza kenarynda halkara derejeli sagaldyş ulgamynyň gurluşygyny alyp barmaga ekologik, deňagramlylyk taýdan çemeleşmekde ýokary derejäni görkezdi. Bu ykdysady täsinlik barada gürrüň berýän sergi türkmen tebigatynyň täsin künjeginiň daşky gurşaw üçin howpsuz bolan innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ynsanyň bähbidine aýawly özgerdilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi. 

Häzirki wagtda Hazaryň tebigy baýlyklary, ekologiýa taýdan arassa gurşaw, altynsow gumak kenarlar, ýumşak howa, deňiz gözellikleri we onuň kenarynda döredilen töweregi bagy-bossanlyklara bürelen sagaldyş toplumly we çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezli, ähli amatlykly myhmanhanalar bu ýerlerini hakyky deňiz dürdänesine öwürmäge mümkinçilik berdi. Olar diňe bir biziň ýurdumyzdan däl, eýsem, daşary ýurtlardan köpsanly syýahatçylary we işjeň dynç alşy halaýanlary özüne çekýär. 

Ýygnananlaryň aýratyn nygtaýyşlary ýaly, döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegi ugrunda, şol sanda daş-töweregi goramak, tebigaty netijeli peýdalanmak, Hazaryň biologik köpdürlüligini gorap saklamak ulgamynda hut Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, öňe sürülýän toplumlaýyn çemeleşmeler dünýä jemgyýetçiliginiň birleşen tagallalary bilen sazlaşyklykda häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine hakyky oňyn täsirini ýetirip biler. 

Muňa ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Awaza derýasy boýunça guralan gezelenjiň barşynda anyk göz ýetirdiler. Suw desgasy çägeli kenarlar boýunça birnäçe kilometre uzalyp gidýär. Onuň ugrunda beýik binalar, seýilgähler, gözelligi boýunça seýrek bolan suw çüwdürimler, ýokary tizlikli ulag ýollary, güne öwşün atyp, derýanyň üstünde pyýadalar üçin gurlan köprüler uly täsir galdyrýar. Iň esasy özüne çekiji täsinlik bolsa, örän arassalygy we bejerijilik häsiýeti bilen myhmanlary haýran galdyrýan deňiz suwy bolup durýar. 

Hazar deňziniň gününiň baýramçylyk maksatnamasyny “Hazar deňziniň tebigy gözelligi” atly çagalaryň surat çekmek bäsleşigi bezedi. “Daýanç” sagaldyş-dynç alyş toplumynda geçirilen bäsleşige Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylary we dynç alýan ýaşlar gatnaşdylar. Olaryň köpüsi üçin ekologiýa mowzukly bu bäsleşik mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişliginiň we onuň jandarlarynyň ykbaly üçin şahsy jogapkärçilige, daş-töweregi gurşap alan dünýä bilen sazlaşygyň möhümdigine düşünmekde ilkinji tejribe boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. 

Ajaýyp türkmen deňiz kenary bilen duşuşyk Ýer ýüzüniň bu täsin dürdänesini gorap saklamagyň bähbidine hyzmatdaşlykda ýene bir ädime öwrülip, Hazar deňziniň gününe bagyşlanan baýramçylyga gatnaşyjylarda we onuň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täze täsirleri galdyrdy.

Okalan sany: 578   Jogaplar: ( 1 )

Sasoltan
16 августа 2013

Şunuň ýaly çäreler köpräk geçirilsin. Biziň ýurdumuzy ajaýyp Awazany dünýäň ähli künjeginiň halky tanasyn.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06947 sek. ýüklenen baýt: 44667